Wikimedia Commonsda Çili bilen bagly medýa faýllary tapyp bilersiňiz.
Çili respublikadyr. Häzirki konstitusiýa 1980-nji ýylda kabul edildi we 1981-nji ýylda güýje girdi; 1989, 1994, 2004-nji ýyllarda düzedişler girizildi. Döwlet baştutany, ähliumumy göni we gizlin ses berişlik arkaly 4 ýyllyk möhlete saýlanan prezident (Rikardo Lagos Eskobar). Kanun çykaryjylyk Senatdan we Deputatlar palatasyndan ybarat Milli Kongres tarapyndan ýerine ýetirilýär we ýerine ýetiriji häkimiýet Prezident tarapyndan amala aşyrylýar; prezident hem hökümete ýolbaşçylyk edýär.