BAGANA ÖNÜMÇILIGI — 1—3 günlük garaköli guzularyň derisiniň soýlup alynmagy. Biziň ýurdumyzda bagana berýäň tohum goýunlaryň sany köp. Olaryň arasynda has ajaýyp we owadan bagana berýänleri sokol, reşetilow, maliç we çuşka tohum goýunlarydyr, olar Ukrainada we Moldawiýada köpeldilýär. Şeýle-de bolsa olaryň hiç biri hem baganasynyň şekili, buýrasy, reňkiniň öwüşgini we derisiniň berkligi boýunça garaköli bagana bilen deňeşdnrilip bilinmez. Guzulary soýup, derisini almak işleri dowarçylyk fermalaryiyň ýöriteleşdirilei punktlarynda tehnologik talaplara laýyklykda geçirýalýär. Soýlup alnan deriler punktlarda duzlanýar. Bir derini duzlamak üçin 0,7—0,8 kg nahar duzy sarp edilýär. Ol takynan 6—10 güne çenli duzda ýatyrylýar. Duzlanan baganalar ýöriteleşdirilen stanoklarda arassalanýar. Garaköli baganalar arassalanandan soň, hojalyklaryň özünde sortlanýar we taýýarlaýyş guramalaryna ýa-da bagana zawodlaryna iberilýär. Käbir sebäplere görä sortlanan baganalar öz wagtynda iberilmese, onda olar üstüne agyr we tekiz tagtalar goýlan ştabellerde saklanýar. Baganalar ştabellerde saklanýan döwründe güýe degmez ýaly wagtal-wagtal barlanyp durulýar. Bagana zawodyndaky önümçilik prossesleri aşakdaky operassiýalardan ybaratdyr: 1) ilkinji sortlamak — bagaialary haryt we tehnologik häsiýetleri boýunça saýlap almak hem birdeň derejede işlener ýaly tapgyrlara bölmek; 2) çyglamak — baganadaky ereýän beloklary, tüýündäki hapasyny, çägesini we duzuny aýyrmak; 3) ýuwmak — baganadaky hapany, gan we duz galyndylaryny arassalamak maksady bilen ýörite barkaslarda 4 sagatlap ýuwmak; 4) braklamak — çyglamak netijesinde kemçilikli bolan baganalary saýlap aýyrmak; 5) eýlemek —çylşyrymly biohimiki prosses bolup, onda baganalar barkaslarda iri üwelen arpa ununyň we nahar duzu-yň suwdaky garyndysyndan taýýarlanan eýde ýatyrylýar. Bir baganany eýlemek üçin orta hasap bilen 0,3 kg arpa uny we 0,24 kg nahar duzy sarp edilýär; 6) guratmak— baganalar eýlenenden soň, olara simmetrik şekil bermek üçin serip guratmak; 7) bagananyň gyralaryny dogrulamak — eýlenen baganalaryň gyralaryny ýiti pyçak bilen kesip aýryp, olara dogry şekil bermek. Bagananyň gyralaryndan kesilip aýrylan bölekleriň bir meňzeşlerini tikin sehinde bir-birine çatyp, plastinalar taýýarlaýarlar; 8) gaýtadan ýuwmak — bagananyň tüý örtügindäki eýiň galyndylaryny we hapalaryny aýyrmak üçin elde ýa-da ýuwujy maşynlarda ýuwmak; 9) gaýtadan guratmak — çäge dökülen tekiz meýdanda baganany 2-3 s-lap ýere ýazyp guratmak. Garaköli baganalary eýlemek häzirki zaman tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan bagana zawodlarynda amala aşyrylýar. Bu zawodlaryň biri hem respublikamyzyň Çärjewdäki garaköli bagana zawodydyr. Bagana zawodlary Buhara we Çimkent şäherlerinde hem bar.