Finlandiýanyň bilim ulgamy

(Finlýandiýanyň bilim ulgamy sahypasyndan gönükdirildi)

Mek­de­be çen­li we mek­dep bi­li­mi, Finlandiýada köp san­ly gün­ba­tar ýurt­la­ryn­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, mek­de­be çen­li bi­lim 6 ýaş­dan baş­lap, bir ýy­la çek­ýär.

Şu ýy­lyň do­wa­myn­da mu­gal­lym­la­ryň esa­sy wezipele­ri­niň bi­ri ça­ga­la­ry mek­dep­de oka­ma­ga ta­ýyn­la­mak­dan yba­rat­dyr. Şu dö­wür­de äh­li üns ene di­li­ni (oka­mak, ýaz­mak), matematika­ny, tebigy ylymlar­ny we ah­lak ka­da­la­ry­ny öw­ret­mä­ge gö­nük­di­ril­ýär. Ýö­ne bu tap­gyr ze­rur bol­man, ene-ata­lar öz is­leg­le­ri­ne gö­rä, ça­ga­la­ry­nyň mek­de­be çen­li taý­ýar­ly­gy­ny öý­de hem ber­jaý edip bi­ler­ler.

Fin­lan­di­ýa­da äh­lu­mu­my hök­ma­ny okuw 9 ýyl oka­dyl­ýar we ça­ga­lar 7 ýa­şa ba­ran­dan soň­ra baş­la­ýar. Bu tap­gyr umu­my bi­lim ber­ýän mek­dep ýa-da “de ýu­ra” /umu­my/at­lan­dy­ry­lyp, tap­gyr­la­ra bö­lün­me­ýär, em­ma “de fak­to”/ tej­ri­be­de/ 1-nji synpdan 6-njy syn­pa çen­li ça­ga­la­ra umu­my bi­lim ber­ýän mek­dep döw­ri ha­sap­la­nýan bol­sa, 7-nji synp­dan 9-njy syn­pa çen­li ulu­la­ra umu­my bi­lim ber­ýän mek­dep diý­lip, ka­bul edi­lip­dir. Ki­çi synp­lar­da äh­li sa­pagy okat­mak bir mu­gal­ly­myň bor­ju­na gir­ýär, üs­te­si­ne-de şol bir otag­da. Ýö­ne uly syn­pyň okuw­çy­la­ry­ny dür­li - dür­li mu­gal­lym­lar okad­ýar­lar. Şo­nuň ýa­ly hem ki­çi­le­riň we ulu­la­ryň umu­mu bi­lim ber­ýän mek­de­bi bü­tin­leý aý­ry ýer­de ýer­leş­ýär.

Fin­lan­di­ýa­da mek­dep bi­li­mi mugt be­ril­ýär. Döw­let mek­dep­le­rin­den baş­ga-da hu­su­sy mek­dep­ler hem bo­lup, olar­da geň ýe­ri okuw üçin tö­leg al­mak ga­da­gan edi­len. Bu ýurt­da hu­su­sy mek­de­bi esas­lan­dyr­mak üçin Döw­let Mas­la­ha­ty­nyň ka­ra­ry ze­rur. Hu­su­sy mek­dep­leri, şo­nuň ýa­ly hem döw­let mek­dep­le­rini deň de­re­je­de döw­let ma­li­ýe­leş­di­r­ýär, ýö­ne mu­nuň üçin olar­dan iý­mit, luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry, mugt okuw gol­lan­ma­la­ry we mek­dep trans­por­ty ýa­ly hyz­mat­la­ryň be­ril­me­gi ta­lap edil­ýär. Fin­lan­di­ýa­nyň umu­my bi­lim ber­ýän mek­dep­le­ri­niň mak­sat­na­ma­la­ryn­da haý­sy­dyr bir äş­gär ta­pa­wut­lan­dy­ry­jy ala­mat­la­ry ýok we sa­pak­la­ryň meň­zeş je­mi­ni öz içi­ne al­ýar.

Umu­my bi­lim ber­ýän mek­dep­le­ri ta­mam­lan­la­ryn­dan soň­ra, onuň äh­li uçu­ry­my di­ýen ýa­ly oku­wy­ny do­wam et­di­rip - et­dir­me­li däl­di­gi ha­kyn­da­ky me­se­le bi­len iki­çäk gal­ýar­lar. Or­ta bi­li­miň çäk­le­rin­de okuw ja­ýy­nyň 2 gör­nü­şi iş­le­ýär: li­seý (Lu­kio) we pro­fes­sio­nal-teh­ni­ki mek­dep (Am­ma­til­li­nen op­pi­lai­tos). Li­seý­ler öz okuw­çy­la­ry­ny uni­wer­si­tet­le­re taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ri­lýärler, şo­nuň üçin be­ril­ýän bi­lim ýo­ka­ry hi­lligi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Olar­da okuw 3 ýy­la çek­ýär we sy­nag­la­ry tab­şyr­mak tä kä­mil­leşýänçä do­wam ed­ýär (Yliop­pi­las­tut­kin­to). Fin­lan­di­ýa­da her ýy­lyň maý aýyn­da bu sy­nag­la­ryň tab­şy­ryl­ýan gü­nü­ne ga­bat ge­ti­ri­lip “Vap­pu” (“Maý baý­ram­çy­ly­gy”) bel­le­nip ge­çil­ýär. Şol gün äh­li uçu­rym­ ak pa­pa­jyk ge­ýip gez­ýär­ler.

Pro­fes­sio­nal – teh­ni­ki mek­dep­ler hem 2 - 3 ýy­la çek­ýän okuw mak­sat­na­ma­la­ry­ny hö­dür­le­ýär­ler. 3 ýyl­lyk kur­sy gu­ta­ryp, sy­nag­lar tab­şy­ry­lan­dan soň­ra, uçu­rym­lar or­ta pro­fes­sio­nal bi­lim ha­kyn­da şa­ha­dat­na­ma al­ýar­lar, şon­dan soň­ra olar zäh­met ba­za­ry­na çyk­mak ýa-da po­li­teh­ni­kum­da ýö­ri­te­leş­di­ri­len oku­wy­ny do­wam et­dir­mek ha­kyn­da bel­li bir ka­ra­ra gel­me­li bol­ýar­lar. Şo­nuň ýa­ly hem pro­fes­sio­nal - teh­ni­ki mek­de­biň uçu­rym­la­ry­nyň uni­wer­si­te­te gir­mä­ge müm­kin­çi­lik­le­ri bar, ýö­ne di­ňe bel­li bir de­re­jä ýe­ten­li­gi ba­ra­da­ky şa­ha­dat­na­ma­ny al­mak üçin ze­rur bo­lan goş­ma­ça bi­li­miň kurs­la­ry­ny we sy­nag­la­ry­ny tab­şy­ran­dan soň­ra müm­kin.

Fin mek­dep­le­rin­de bi­li­miň ba­ha­sy­nyň ju­da meň­zeş bol­ma­dyk 4-den 10 ba­la çen­li ulgam kabul edilip, 4-lik gaý­ta­dan tab­şy­ryl­ma­gy­ny ta­lap ed­ýän ka­na­gat­la­nar­syz ba­ha, 10-lyk bol­sa, iň ýo­ka­ry ba­ha ha­sap edil­ýär. Şo­nuň ýa­ly hem 9– ýa-da 9+ di­ýen ýa­ly dür­li ba­ha­lar bar. Şu aý­ra­tyn­lyk­lar ba­ha go­ý­lan­da sa­pak wag­ty okuw­çy­la­ryň öz­le­ri­ni alyp bar­şy­na oňaý­ly tä­sir ed­ýär.

Ýo­ka­ry bi­lim

Fin­lan­di­ýa­da ýo­ka­ry bi­li­mi 2 gör­nüş­li okuw jaý­la­ryn­da al­mak müm­kin: uni­wer­si­tet­ler­de (ylio­pis­to) we po­li­teh­ni­kum­lar­da (mmat­ti­kor­kea­kou­lu, yr­kes­högs­ko­la). Ha­ky­kat­da, ola­ry or­ta bi­li­miň do­wa­my­nyň iki şa­ha­sy ha­sap­la­saň hem bo­lar – aka­de­mi­ki we pro­fes­sio­nal. Uni­wer­si­tet­ler öz ta­lyp­la­ry­na na­za­ry­ýet bi­lim­le­ri­ne esaslanýan aka­de­mi­ki bi­lim­le­ri hö­dür­le­ýär. Po­li­teh­ni­kum­la­ryň mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­syn­da bol­sa, pro­fes­sio­nal bi­li­mi çuň­laş­dyr­mak öňe sü­rül­ýär.

Fin­lan­di­ýa “Bo­lon” pro­se­si­niň gat­na­şy­jy­sy bo­lup, ba­ka­lawr - ma­gistr - dok­tor­lyk ul­ga­my­ny, şeý­le hem synag ba­ha­la­ry­ny gaý­ta­dan ha­sap­la­ma­gyň ýe­ke-täk ul­ga­my­ny ka­bul et­di. Bu ýag­daý al­nan alym­lyk de­re­je­si­ni Ýew­ro­pa­nyň­ky bi­len ga­bat ge­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Fin uni­wer­si­tet­le­rin­de esa­sy alym­lyk de­re­je­si ba­ka­lawr (kan­di­da­at­ti) bo­lup, ony al­mak üçin 3ýyl ge­rek we azyn­dan ECTS-iň (EU­RO­PEN CRE­DIT TRANS­FER SYS­TEM) 120 bal ba­ha­sy ge­rek. Kä­bir fa­kultetler­de ba­ka­law­ryň gu­tar­dyş işi go­ra­ma­gy, şeý­le hem bir ýa-da iki sa­pa­gy çuň­ňur öz­leş­dir­me­gi ze­rur­dyr.

In­di­ki alym­lyk de­re­je­si – ma­gistr (ma­is­te­ri) - ECTS-iň azyn­dan 160 bal ba­ha­sy­ny al­mak bi­len 5 ýyl okuw ta­lap ed­ýär (ýa-da ba­ka­law­ria­ta­dan soň iki ýyl ta­lap ed­ýär), şeý­le hem dis­ser­ta­si­ýa go­ra­ma­ly. Bi­li­miň dür­li ugur­la­ryn­da bu de­re­je dür­li hi­li at­lan­dy­ryl­ýar. My­sal üçin, in­že­ner­lik­de ol “dip­lo­mi-in­si­nöö­ri” diýilse, bi­na­gär­lik­de “mai­se­ma-ark­ki­teh­ti” at­lan­dy­ryl­ýar.

Ma­gistr de­re­je­si bo­lan ta­lyp­lar mun­dan bu­ýan­ky bi­li­mi­ni dok­to­ran­tu­ra­da al­ýar. Onuň il­kin­ji tap­gy­ry “li­sen­sia­ta” de­re­je­si bo­lup, 2 ýyl okuw ta­lap ed­ýär. Iň ýo­ka­ry alym­lyk de­re­je­si, ylym­la­ryň dok­tor­ly­gy­ny (toh­to­ri) al­mak üçin ýe­ne-de iki ýyl ge­rek bo­lup, yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­me­gi we dis­ser­ta­si­ýa go­ra­ma­gy ta­lap ed­ýär. Şeý­le­lik­de, Fin­lan­di­ýa­nyň uni­wer­si­tet­le­rin­de oka­mak 11 ýy­la çen­li döw­ri öz içi­ne al­ýar.

Po­li­teh­ni­kum­lar ba­ra­da aý­da­ny­myz­da bol­sa, bu ýer­de esa­sy alym­lyk de­re­je­si ba­ka­lawr bo­lup dur­ýar. Ba­ka­law­ri­at­da oka­mak üçin ECTS-iň 140 – 180 bal ba­ha­sy­ny we 4 ýyl okuw ta­lap ed­ýär. Po­li­teh­ni­kum­lar te­bi­gy baý­lyk­lar, teh­no­lo­gi­ýa, kom­mu­ni­ka­si­ýa, do­lan­dy­ryş, myh­man­ha­na biz­ne­si, sy­ýa­hat­çy­lyk, me­de­ni­ýet we bi­lim ýa­ly ugur­lar­da hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ýar. Ýö­ne po­li­teh­ni­kum­da ba­ka­lawr de­re­je­si­ni al­mak üçin, edil uni­wer­si­te­tiň­ki ýa­ly 4 ýyl ge­rek.

Bar­dy-gel­di ba­ka­law­ria­tyň uçu­ry­my oku­wy­ny do­wam et­dir­me­gi we uni­wer­si­te­tiň ma­gistr de­re­je­si­ni al­ma­gy ýü­re­gi­ne düw­se, on­da onuň uni­wer­si­te­te çen­li aka­de­mik bi­li­mi­ni ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len bir ­ýyl­lyk okuw kur­su­ny geç­me­gi ze­rur bo­lup dur­ýar. Şu­nuň ýa­ly ýag­daý­da ma­gist­riň de­re­je­si­ni al­mak üçin 2 ýyl okuw we dip­lom işi­niň go­ral­ma­gy ta­lap edil­ýär. Ma­gist­ra­tu­ra bol­sa, po­li­teh­ni­ku­myň cägin­de el­ýe­ter­li bo­lup, oňa di­ňe öz saý­lap alan hü­nä­riňden üç ýyl iş tej­ri­bä­ni ala­nyň­dan soň­ra gir­mek müm­kin. Şo­nuň ýa­ly hem, öz de­re­je­si­ni uni­wer­si­tet­de alan ba­ka­lawr­lar hem bir ­ýyl­lyk taý­ýar­lyk kur­sun­dan ge­çen­den soň­ra, politehnikumdaky magistratura gi­rip bi­ler­ler. Po­li­teh­ni­ku­myň we uni­wer­si­te­tiň ara­syn­da­ky ta­pa­wut bi­rin­ji­niň­ki ama­ly taý­dan ýö­ri­te­leş­di­ril­me­gi, ikin­ji­niň­ki bol­sa, aka­de­mi­ki taý­dan gö­nük­dir­me­gi bo­lup dur­ýar.

Hö­kü­me­tiň Ýew­ro­pa bi­le­le­şi­gin­den bol­ma­dyk ta­lyp­la­ra okuw üçin tö­leg­le­ri gi­riz­mek meý­li­niň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, Finlandiýa­nyň döw­let uni­wer­si­tet­le­rin­de oka­mak mugt. Aka­de­mi­ki ýyl 1-nji iýun­dan 31-nji aw­gus­ta çen­li dyn­ç a­lyş bi­len, sent­ýabr­dan ma­ýa çen­li ara­lyk­da do­wam ed­ýär. Okuw­lar fin we şwed dil­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýar. Kä­bir uni­wer­si­tet­de we ins­ti­tut­­da iň­lis di­lin­de okuw mak­sat­na­ma­la­ry bar. Adat­ça, olar mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­syndan we tä­jir­çi­lik­den yba­ratdyr. Mak­sat­na­ma­lar bü­tin okuw möh­le­tin­de ýa-da il­kin­ji 2 ýyl­da iň­lis di­lin­de oka­dy­lyp bil­ner. Ýö­ne şu döwürde ta­lyp­la­ryň fin di­li­ni öw­ren­me­gi ze­rur ha­sap­lan­ýar.

Ýur­duň has ab­raý­ly okuw jaý­la­ry Helsinki, Tam­pe­re we Ýo­en­su ýa­ly şä­herlerde ýer­leş­ýär. Mah­la­sy, yl­my bar­lag­lar üçin ýö­ri­te­leş­di­ri­len Hel­sin­ki uni­wer­si­te­ti, Hel­sin­ki­niň Yk­dy­sa­dy­ýet mek­de­bi, Sun­gat we Di­zaýn uni­wer­si­te­ti Skan­di­na­wi­ýa­nyň meş­hur çe­per­çi­lik mek­dep­le­ri ha­sap edil­ýär. Jem­gy­ýet­çi­lik, yk­dy­sa­dy­ýet, şeý­le hem me­de­ni­ýet we sag­ly­gy gora­ýyş ýa­ly ylym­lar Tam­pe­ra uni­wer­si­te­ti­niň ýü­zü­ni gör­kez­ýän ugur­lar­dyr. Ýo­en­su uni­wer­si­te­ti 6 fa­kul­te­ti öz içi­ne alyp, te­bi­gy we gu­ma­ni­tar, so­sio­lo­gi­ýa, to­kaý ho­ja­ly­gy, yla­hy­ýet we psi­ho­lo­gi­ýa ýa­ly mak­sat­na­ma­lar­da okuw­la­ry tek­lip ed­ýär.

Ka­bul edil­mek we ýaşaýyş şahadatnamasyny al­mak

Äh­li uni­wer­si­tetlere we po­li­teh­ni­kum­lara gir­me­giň jik­me-jik düz­gün­le­ri ju­da çyl­şy­rym­ly. Adat­ça, her bir okuw ja­ýy özü­ne ge­rek res­mi­na­ma­la­ryň top­lu­my­ny ta­lap ed­ýär. Da­laş­gär­den no­ta­ri­al eda­ra­syn­da tas­syk­la­nan or­ta bi­lim ha­kyn­da­ky şa­ha­dat­na­ma­nyň fin, şwed we iň­lis dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­len nus­ga­sy ta­lap edil­ýär. Eger-de iň­lis di­lin­dä­ki okuw­la­r me­ýil­leş­di­ri­len ha­la­tyn­da, okuw ja­ýy TOEFL ýa-da IELTS-iň ne­ti­je­le­ri­niň be­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýär, ýa-da da­laş­gä­ri sy­nag­dan geç­mä­ge ça­gyr­ýar. Iň go­wu­sy, şu me­se­lede ta­kyk mag­lu­mat­la­ry onuň ýy­gy-ýy­gy­dan üýt­gäp dur­ýan­ly­gy­na gö­rä, gö­nü­den-gö­ni gy­zyk­lan­ýan uni­wer­si­te­tiň özün­den al­saň has ta­la­ba la­ýyk bo­lýar. Ýew­ro­pa bi­le­le­şi­gin­den bol­ma­dyk ta­lyp­lar­dan ýa­şa­mak üçin rug­sat­na­ma al­mak ta­lap edil­ýär. Ol bir ýyl­lyk ber­lip, möh­le­ti ge­çen­den soň­ra uzal­dyl­ýar.

Ýa­şa­ýyş jaý üpjünçiligi

Finlandiýada ta­lyp­la­ry ýa­şa­ýyş jaý bi­len üp­jün et­mek üçin ýö­ri­te ul­gam dö­re­di­len. Onuň yg­ty­ýa­ryn­da ter­tip bo­ýun­ça 100000 ýa­şa­ýyş ja­ýy bar. Adat­ça, ta­lyp­la­ryň ja­ýy 2-3 otag­dan yba­rat bo­lup, olar­da bir­nä­çe adam ýa­şa­ýar. Köp ha­lat­lar­da ýaşaýyş we umu­my ýa­şa­ýyş jaý­la­ry mugt in­ter­net bi­len üp­jün edi­len.

Her bir da­şa­ry ýurt­ly ta­lyp şah­sy ýa­şa­ýyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny ala­nyn­dan soň­ra, bu ýurt­da iş­le­mä­ge hem hu­kuk ga­zan­ýar. Ýö­ne bu ýer­de nä­hi­li iş­de iş­le­seň hem öňi bi­len fin di­li­ni go­wy bil­me­giň ze­rurdyr.

Daşarky çykgytlar düzet