Halkara türkmen-türk uniwersiteti

Halkara türkmen-türk uniwersiteti, Türkmenistanda bir uniwersitet.

Gurluşy düzet

Halkara türkmen-türk uniwersitetinde Dil öwreniş fakultetinden başga üç sany fakultet bar. Olar: 1. Telekeçilik we halkara işewürligi fakulteti 2. Mugallymçylyk fakulteti 3. Inženerçilik fakulteti 4. Dil öwreniş Fakultetler öz ugurlary boýunça aşakdaky agzalýan bölümlere aýrylýar:

Telekeçilik we halkara işewürligi fakulteti 1. Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa 2. Täjirçilik 3. Bank we maliýe bölümi 4. Ykdysadyýet 5. Halkara hugugy 6. Statistika

Mugallymçylyk fakulteti 1. Türkmen hem-de türk dili we edebiýaty 2. Iňlis dili we edebiýaty 3. Terjimeçilik bölümi 4. Matematika 5. Taryh 6. Fizika 7. Biologiýa 8. Himiýa

Inženerlik fakulteti 1. Kompýuter Inženerligi 2. Dokma Senagaty 3. Senagat injinerligi 4. Material we Nanotehnologiýa 5. Binagärçilik we daşky gurşawyň bezegi Şeýle-de dil taýýarlaýyş bölüminde iňlis, türk we türkmen dillerinden taýýarlyklar geçirilýär.

Şeýle hem uniwersitetde 3 sany ylmy merkez işleýär: Beýik Galkynyşlar Merkezi, Dokma senagaty we kompýuter tilsimatlary merkezi, Ykdysady derňew merkezi. Häzirki wagtda Beýik Galkynyşlar Merkezi "Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Atalyk kitaplary ýaşlara terbiýe bermegiň usulyýet çeşmesidir" diýen temanyň, Dokma senagaty we kompýuter tilsimatlarynyň ylmy merkezi "Türkmenistanyň dokma senagatynyň kämil egirme ulgamlarynyň aýratynlyklary" diýen temanyň, Ykdysady derňew merkezi "Türkmenistanda maýa goýum syýasatynyň alnyp barlyşy we söwda ulgamynyň ösüşi" diýen temanyň üstünde işleýärler.

Esasy ylmy ugurlary düzet

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Atalyk kitaplary ýaş nesli terbiýelemegiň usulyýet esasydyr. Türkmenistanyň dokma senagatynda kompýuter tilsimatynyň ösüşi. Türkmenistanda söwdanyň we maýa goýumlarynyň ösüşi.

Salgylar düzet