1965-nji ýylyň 31-nji iýulynda Beýik Britaniýanyň Ýeýt şäherçesinde dünýä inýär. Döredijilik ýoluna çagalyk döwründen başlaýar, alty ýaşyndaka “Towşanjyk” atly ilkinji hekaýasyny ýazýar. 1990-njy ýylda Joanda Harri Potter atly oglanjyk hakda eser ýazmak pikiri döreýär. Ol bada-bat kitabyň üstünde işläp başlaýar. Ýöne 1990-njy ýylda ejesiniň aradan çykmagy sebäpli bu kitaby tamamlamak işi uzaga çekýär. 1991-nji ýylda Joan iňlis dili mugallymy hökmünde Portugaliýa işlemäge gitýär. 1994-nji ýylda Angliýa dolanyp gelenden soň, kitabyň üstünde irginsiz işläp başlaýar. “Harri Potter we jadygöýlügiň daşy” atly ilkinji kitaby “Blumsberi” neşirýatynda çapdan çykýar. Sanlyja hepdäniň içinde kitap okyjylar tarapyndan söýlüp okalýan eserleriň birine öwrülýär. Joan Rouling meşhurlyga eýe bolan birinji kitabyndan soň, “Harri Potter we syrly otag” (1998) , “Harri Potter we Azkabanyň bendisi” (1999) , “Harri Potter we alaw” (2000) , “Harri Poter we semender ordeni ” (2003) , “Harri Potter we jadygöý şazada ” (2005) eserlerini neşir etdirýär. “Harri Potter we ajalyň peşgeşi” atly ýedinji jemleýji eseri hem 2007 -nji ýylda Angliýada we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda satuwa çykarylýar. Joan Rouling häzirki wagtda adamsy we üç çagasy bilen Şotlandiýada ýaşaýar.

Joan Rouling (2010)

Joan Rouling