Quicken, paýdarlar jemgyýeti tarapyndan işlenip düzülen şahsy maliýe dolandyryş serişdesidir. Programma üpjünçiligi bank amallaryny we maýa goýumlaryny yzarlamagyň awtomatiki ýazga alynmagyny, girdeji meýilnamalaşdyrylyşyny, kategoriýa boýunça çykdajylary yzarlamagy öz içine alýar.[1]

Quicken dürli bahalarda dürli wersiýalaryny hödürleýär. Windows operasiýa ulgamy üçin Quickeniň birnäçe wersiýalary bolşy ýaly Mac operasiýa ulgamy üçin hem Quickeniň birnäçe wersiýalary bar.[2]

Taryhy düzet

Quickeniň ilkinji wersiýasy 1983-nji ýylda çykaryldy.[3] Bu wersiýa MS-DOS operasiýa ulgamy we Apple II mikrokompýuter operasiýa ulgamy bilen utgaşdyrylandy.[4][5]

Intuit paýdarlar jemgyýeti Beýik Britaniýada 2005-nji ýylda programma üpjünçiligi boýunça ozüniň goldawyny bes etdi.[6]

2008 we 2009-njy ýyllarda Quicken ulanyjylary täjirçilik önümleri üçin programma üpjünçiliginiň adatdan daşary köp näsazlyklarynyň bardygy barada habar berdiler.[7]

Quicken 2010-yň gözden geçirilende şol ýylda çykarylan önümiň hiliniň we ulanyjy interfeýsiniň ep-esli gowulaşandygyny görkezýär.[8]

Quicken 2018-den başlap, Quicken abuna hyzmatyna öwrüldi.[9]

Bellikler düzet

  1. "Quicken Deluxe Review". pcmag.com. Archived from the original on 2021-11-01. Retrieved 2021-11-26. 
  2. "Quicken Software Products". quicken.com. Archived from the original on 2021-11-25. Retrieved 2021-11-26. 
  3. "Quicken Alternatives". creditdonkey.com. Archived from the original on 2021-05-11. Retrieved 2021-11-26. 
  4. "Quicken for DOS". web.intuit.com. Archived from the original on 2011-07-17. Retrieved 2021-11-26. 
  5. "Quicken Apple". books.google.com. Archived from the original on 2021-11-26. Retrieved 2021-11-26. 
  6. "Quicken discontinuation policy". quicken.intuit.com. Archived from the original on 2010-02-09. Retrieved 2021-11-26. 
  7. "Quicken 2008 Bug List". quickencommunity.com. Archived from the original on 2009-02-09. Retrieved 2021-11-26. 
  8. "Intuit Quicken Premier 2010". pcworld.com. Archived from the original on 2010-03-06. Retrieved 2021-11-26. 
  9. "Quicken 2021 Membership Subscription Information". topfinancialtools.com. Archived from the original on 2021-03-23. Retrieved 2021-11-26.