Turpan balyk
Turpan balyk —Teňňebalykşekilliler otrýady. Teňňebalyklar maşgalasy.
Ýagdaýy düzet
Derejesi III (VU) Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn aşaky görnüş.
Genefondy gorap saklamakda ähmiýeti düzet
Görnüşiň ýitirilmegi ýurduň ihtiofaunasynyň görnüş dürlüliginiň kemelmegine kemelmegine getirer.
Umumy düzet
Adaty Turpan balyga garanyňda has gararak reňkde. Gapdalyndan seredeniňde, arkasy ýaýşekilli, žabra gapagynyň yz ýanynda, kükrek ýüzgüçleriniň düýbünde gara tegmiller mese-mälim görünýär. Teňňeleri uly. Olaryň her biriniň yzky gyralary gara nokat zolak bilen gaýalan. Uzynlygy - 25一26 sm.
Ýaýraýşy düzet
Etrek, Sumbar, Çendir derýalary. Türkmenistandan daşarda - Zakawkaziýada we Eýranda bar[1一6].
Ýaşaýan ýerleri düzet
Derýa balygy. Arassa kisloroda baý, çalt akýan, düýbi çagylly-daşly derýalary halaýar.
Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy düzet
XX asyryň 30-40-njy ýyllarynda sany köpdi. Sumbar derýajygynda 1991-nji we 1997-nji ýyllarda ýek-tüki tutuldy. 2003-nji we 2007-nji ýyllarda derýalarda gabat gelmedi[2,6,7].
Esasy çäklendirilen sebäpleri düzet
Derýalaryň akymynyň kadalaşdyrylmagy we hapalanmagy
Biologiýasynyň aýratynlygy: Urkaçy balyklar üçünji we erkek balyklar一ikinji ýylda jyns taýdan ösüp ýetişýär. Haýwanlar (gurçuklar, mör-möjekleriň liçinkalary, ownuk balyklar, gurbagalar) käte ösümlikler bilen iýmitlenýär. Önümçilik ähmiýeti ýok, höwesjeň balykçylar tutýar[1,2,6,7] ==Köpeldilşi==
Barlag geçirilmedi.
Gorag üçin görlen çäreler düzet
Işlenip düzülmedi.
Gorag üçin zerur çäreler düzet
Derýa suwlaryny hojalyk, medeni durmuş we dynç alyş maksatlary üçin rejeli peýdalanmaly, olaryň akymynyň möçberini durnuklaşdyrmaly.
Barlaglar boýunça teklipler düzet
Ýaýraýşyny we biologiýasyny öwrenmeli. Sumbar, Çendir we Etrek derýalarynyň gidrologik kadasyna gözegçilik etmeli. Etrek derýasynyň we onuň aşaky akymynyň ekoulgamyny dikeltmeli.
Düzüji: F. M. Şakirowa.
Maglumat düzet
1. Berg 1934. 2. Berg 1949. 3. Laptew 1934. 4. Starostin 1992. 5. Nikolskiý 1971. 6. Aliýew, Suwhanowa, Şakirowa 1988. 7. Salnikow 2008.