«Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady

«Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady – Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

Düzgünnamasy

düzet

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady Türkmenistanyň döwlet sylagydyr. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady: köp ýyllaryň dowamynda sportuň dürli görnüşleri boýyunça okuw-türgenleşik işlerinde aýratyn tapawutlanyp, «Türkmenistanyň çempiony» diýen ada birnäçe gezek mynasyp bolan; Olimpiýa, Aziýa oýunlarynda, dünýä çempionatlarynda, Aziýa we dünýä Kuboklary ugrundaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan, çempion diýen ady, birnaçge baýrakly orunlary, şol sanda ulularyň arasynda şahsy birinjilikde baýrakly orunlary eýelän we türkmen sportunyň halkara abraýyny belende götermekde uly hyzmatlary bitiren; sportuň oýun we beýleki görnüşleri boýunça toparlaryň düzüminde Olimpiýa, Aziýa oýunlarynda, dünýä çempionatlarynda, Aziýa we dünýä Kuboklary ugrundaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden, toparlaryň arasynda birinjiligi gazanan ýa-da Aziýa oýunlarynda, çempionatlarynda baýrakly orunlary eýelän, şol sanda jemleýji tapgyrlarda oýnan we ýokary netijeleri gazanan türgenlere dakylýar. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady Türkmenistanyň raýatlaryna dakylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adyny Türkmenistanyň raýaty bolmadyk adamlara hem dakmaga haklydyr. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakylan adamlara Türkmenistanyň Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adynyň Şahadatnamasy we döşe dakylýan nyşany gowşurylýar. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakylan adamlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň dört essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenýär we iň pes aýlyk zähmet hakynyň 20 göterimi möçberinde iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, döwlet kömek puluna, talyp hakyna her aýda goşmaça hak bellenýär. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakylan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we halatlarda beýleki ýeňilliklerden hem peýdalanýarlar.

Hormatly adyň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysy

düzet

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adynyň döşe dakylýan nyşany üsti-üstüne goýlan üç bölekden ybarat bolup, onuň esasyny sekizburçluk emele getirýär. Döşe dakylýan nyşanyň umumy diametri 43,5 mm. Döşe dakylýan nyşanyň esasyny emele getirýän sekizburçlugyň üstünde ýerligi ak reňk bilen syrçalanan altyn çaýylan çyzyklar şekillendirilen kiçi onaltyburçluk ýerleşdirilip, onuň ýiti burçlarynyň her biri ak reňkli sirkoniý daşy bilen bezelen. Döşe dakylýan nyşanyň ýokardaky bölegi umumy diametri 29,5 mm bolan tegelekden ybarat bolup, onuň merkezi böleginde gün şohleleri şekillendirilen we kiçi tegeleginiň ortasynda güberçek görnüşli, Türkmenistanyň ýaşyl reňkli syrçalanan kartasy ýerleşdirilen. Döşe dakylýan nyşanyň diametri 20,5 mm bolan kiçi tegeleginiň daşynda ini 4,5 mm bolan ak reňk bilen syrçalanan tegelek halkanyň ýokarky böleginde «TÜRKMENISTANYŇ AT GAZANAN SPORT USSADY» diýen ýaşyl reňkli ýazgy, aşaky böleginde bolsa, ak reňkli sirkoniý daşynyň başisi ýerleşdirilen. Döşe dakylýan nyşan halkajyk arkaly ini 31 mm, beýkligi 18,5 mm bolan baýdak görnüşli ýaşyl reňkli syrga örtülen kolodka birikdirilýär. Kolodkada bäş sany türkmen milli haly gölleri we bäş ýyldyzly ýarym Aý şekillendirilen. Döşe dakylýan nyşan we onuň kolodkasy 925 mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar.

Çeşme

düzet

Edebiyat

düzet
  • "Türkmenistan" gazeti, №236-237 (28586-28587) 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň 2-i, S.7.