Änew

Türkmenistandaky Ahal welaýatynyň merkezi bolan şäher
(Änew şäherçesi sahypasyndan gönükdirildi)

Änew şäheri 1973-nji ýylda döredildi, ilaty 14,2 müň adam. Şäher Akbugdaý etrabynyň dolandyryş merkezi. Änewde geologik-gözleg ekspedisiýasynyň kontorasy, kerpiç zawody, çakyr zawody, ekerançylyk we toprak institutlary, durmuş medeni edaralar, demir ýol stanisiýasy, gurluşyk guramalary ýerleşendir. 2008-nji ýylda oňa etrapdaky şäher derejesi berildi. Änew ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň golaýynda ýerleşmek bilen, welaýatyň uly ykdysady we durmuş-medeni merkezine öwrülýär. Şäherde 110-a golaý senagat, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk kärhanalary we edaralary bar. Şäherde welaýatyň we Ak bugdaý etrabynyň dolandyryş edaralary ýerleşyär. Änewde senagat kärhanalaryndan çakyr zawody, un-degirmen toplumy, kerpiç zawody, söwda we durmuş-medeni maksatly edaralar bar. Änewde Ak bugdaý muzeýi, onuň golaýynda bolsa uly arheologik toplumy bolan Änew galasy ýerleşýär. Änew 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.

Şäher
Ýurt
Türkmenistan
Koordinatlar
Şäher с
Ilat
29 606
Sagat guşaklygy
Karta
Karta
Änew

Ýadygärlikler

düzet