Open main menu

Änew metjidiniň ansambly

Anew metjidi

Halk arasynda Seýit Jemaleddiniň metjidi ady bilen belli bolan bu ymaratyň galyndylary Änew şäherçesiniň gündogarsynda ýerleşýär. Arheologik maglumatlar Günorta Türkmenistanyň eneolit zamanynyň ýadygärliklerini “Änew medeniýeti” diýen at bilen ylmy dolanyşyga girizmäge mümkinçilik berdi.

Ansambly dört desga - metjit, onuň öňündäki gabyrüsti we beýik gümmezli zaly bolan iki sany jaý emele getiripdir. Bu çylşyrymly desga metjidiň, guburhananyň, medresäniň we hanakanyň wezipelerini ýerine ýetiripdir.

Änewdäki metjidi öwrenmegiň başlangyjyny 1886-njy ýylda W.A. Žukowskiý başlapdyr.1904-nji ýylda harabaçylygy R. Pompelliniň amerikan ekspedisiýasy gazypdyr. Sonky ýyly A.A. Semýonow metjidiň gysgaça beýanyny hem-de ony öwrenmäge çakylygy çap etdiripdir. 1920-nji ýyllarda A.A. Karelin we W.R. Tripolskiý deformasiýanyň we weýranlanmagyň sebäplerini barladylar, inžener S.S. Sklaýarowskiý bolsa çyzgysyny ýerine ýetirdi. Ýadygärligi konserwasiýa etmek işlerini dürli wagtlarda W.R. Tripolskiý we N.M. Baçinskiý amala aşyrdy. 1947-nji ýylda M.Ý. Massonyň ýolbaşçylygy astynda Günorta Türkmenistan arheologik kompleksleýin ekspedisiýasy ansambly çuň we hemmetaraplaýyn öwrenmek işini geçirdi. Şonuň netijesinde-de ençeme makalalar we G.A. Pugaçenkowanyň giňişleýin monografiýasy (1959 ý.) peýda boldy.

Metjidiň portalynyň ýokarsynda Horasanyň hökümdary soltan Abul Kasym Babyryň (1446-1457ý.) ady getirilipdir. Ondaky ýazgyda şeýle diýilýär:”Bu gurluşyk beýik soltan, öz halklarynyň eýeleri, ýurtlaryň we asyrlaryň penakäri Abul-Kasym-Bayr Bahadur han patyşalyk süren wagtynda boldy, hemmeden Beýigiň özi onuň häkimiýetini we onuň patyşalygyny ebedileşdirsin”.

Beýleki ýazgylarda “Gözellik öýüni” Muhammet diýen biriniň öz kakasy Jemal-ed-dünýä-wa-d-diniň ýadygärligi üçin öz serişdeleri bilen 1455-1456-njy ýyllarda gurdurandygy hakyndaky maglumat getirilýär.

Anew metjidi

G.A. Pugaçenkowa metjidiň ýüzündäki ýazgyda ady gelýän Muhammedi soltanyň weziri bolan Muhammet Hudaýdot bilen bir diýip ynandyrýar, özi-de onuň bu ýerde jaýlanan kakasy Jemaleddiniň doglan ýeri Änew eken diýýär. Desga gurlup tamamlanmandyr, çünki soltan Babyr ölenden soň (1457 ý.) özara uruşlar we weýrançylyklar döwri başlanypdyr.

Oňat bişen kerpiçden bina edilen metjit keramik mozaika bilen we syrça bilen gysganylman bezelipdir. Beýik portalynda inli depesi çowly arasy bolan metjidiň gapysy howlynyň içine tarap açylýar eken. Gapynyň arkasynda ellistik gümmez bilen örtülen inedördül (taraplary 10,5 metr) zaly bolupdyr. Gümmez çekili arkalaryň we konstruktiw taýdan tamamlanmadyk stalaktit dekorasiýaly paruslaryň üstüde durýar eken. Peştagy demirgazyga bakdyrylypdyr we jaýyň jümmüşinde günorta diwaryň ýüzünde syrçalar bilen bezelen mährap bolupdyr. Onuň gapdallarynda günorta diwaryň ýüzünde insizje tagçalar edipdirler, olar diwaryň daş ýüzüne çykytly edilipdir. Metjidiň beýleki iki diwarynda hersinde ikiden inli çuň tagçalar edipdirler. Bu tagçalar hem hüjreli sokol etažynyň derejesinde metjidi üç tarapyndan gurşan eýwanyň içine çykytly edilipdir.

Iki gapdalynda oňa goşulyp guralan gurluşyklar metjidiň portalynyň öňündäki giň howlyny gabsapdyr. Olaryň gümmezli zallary (diametri 7 metr töweregi) iki gatdan hem kiçeňräk otaglar bilen gurşalypdyr.

Portalyň ýozaik bezeginiň çeperçilik özboluşlylygynyň uly gymmaty bolupdyr. Ol bezegde arkanyň, üstünde bir-birlerine tarap kellelerini uzadyp süýnüöip gelýän iki sany eýmenç görnüşli aždarhanyň şekili çekilipdir. Olaryň sarymtygarak göwresi ownuk ösümlik nagyşly garamtyl-mawy mozaik düşegiň üstünde towlanyp barýat, ol ownuk ösümlik nagyşlary fantastik janawarlaryň her biriniň açylan agzyndan başlanýar.

Anew metjidi

Jaýyň öň ýüzündäki monumentel sungatda şuňa meňzeş aždarhalaryň şekillendirilişiniň nusgasy Orta Aziýada başga ýok. Änew metjidinde aždarhalaryň şekillendirilmeginiň manysyna has ynamlyrak düşündirişi G.A. Pugaçenkowa berýär. Ol “munuň özi XV asyrda Änew töwereginde ýaşan ... esasy türkmen taýpasynyň totemidir, ähtimal Änewde jaýlanan şeýh Jemaleddin hem şol taýpadan bolandyr“ diýip hasap edýär.

Bu metjidiň gurluşygy hakda ýerli ilatyň arasynda ur döwürlerden bäri şeýle rowaýat dowam edip gelýär:”Bir wagtlar şäheriň gala diwarynyň düýbünde bir agaç dikilip, ondan uly jaň asylyp goýlupdyr. Başyna iş düşen her bir ýolagçy jaňy kakmak bilen şähere duýduryş berýär eken, ilat bolsa oňa kömege gelip, başyna düşen işden ony halas edýärler eken. Bir gezek adalatly we parasatly Jamalyň ýurdy dolandyrýan wagtynda adamlar jaňyň gaty we howsalaly kakylýandygyny eşidipdirler. Derwezäniň agzyna ylgaşyp gelenerinde olar ägirt uly towlanyp duran aždarhanyň jaňy kakandygyny görüpdirler. Şunda ol aždarha bir zady görkezýän ýaly edip, daga tarap ümläpdir, soňra bolsa märekäniň arasynda elleri paltaly we byçgyly duran iki ussa tarap ümlenip, daga tarap ugrapdyr. Patyşa aýal Jamal ussalara aždaranyň yzy bilen gitmegi buýrupdyr. Bular daga baranlarynda, agyr jebir çekip ýatan başga bir aždarhany görüpdirler : ol uly dag geçisini diriligine ýuwdupdyr, emma onuň buýralay şahlary aňryk geçmän, aždarhanyň bokurdagyna ilişip galypdyr. Edermen ussalar aždarhanyň açylyp ýatan agzyna girip, dag geçisiniň şahlaryny byçgy bilen kesip aýrypdyrlar we geçiniň etini böleklere bölüşdiripdirler whem-de aždarhany jebirden gutarypdyrlar. Şundan soň birinji aždarha ussalary hazynadan doly bolan bir derä eltipdir we olara şol hazynadan gereklerini hem-de göterip bilenlerini almaga ygtyýar beripdir.

Ertesi şäheriň ilatyny ýene-de jaňyň sesi oýadypdyr. Olar galadan çykanlarynda iki aždarhany hem görüpdirler, ol aždarhalar köp altyn we gymmatbahaly daşlary alyp gelen ekenler. Olar bu zatlary patyşa aýalyň öňünde goýup, özleri ýene daga tarap gidipdirler. Jamal bu gymmatbaha zatlardan uly metjit gurmagy we onuň peştagynda şu zatlary beren aždarhalaryň şekilini çekmegi buýrupdyr. Rowaýatda aždarhalar Änewiň ilatyna hossarlyk eden jandarlar hökmünde görkezilýär, olaryň şekili bolsa ýykylan metjidiň ýüzündäki ýazgyda atlandyrylyşy ýaly “Gözellik öýüni” gorap saklapdyrlar.”