Çapady
Çapady — Ýyly suwda hamyrmaýany ezip, onuň üstüne elenen uny, duzy goşup, hamyr ýugurmaly. Hamyr 1,0-1,5 sagat demini alansoň ony böleklere bölmeli we 0,8 - 1,0 sm. galyňlykda, 15-20 sm. diametrde ýaýmaly. Çapadynyň iki tarapyny hem gyzarýança bişirmeli we gyzgynlygyna saçaga äbermeli. Gaýmak we mesge ýagy saçaga aýratyn äberilýär. Islege görä şeker sepmek bolar.
Taýýarlamak üçin 2 kg. una 20 gr. hamyrmaýa, 1,5 nahar çemçesi duz, iki bulgur ösümlik ýagy gerek bolýar.