Çary Geldimyradow
Biografiýa
düzetÇary Geldimyradow 1950-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Aşgabat şäheriniň Aşgabat obasynda dogulýar. Paýtagtyň 26-njy hem-de 13-nji mekdeplerinde okaýar
Baýraklary
düzetTürkmenistanyň Prezidentiniň Altyn asyr bäsleşiginiň ýeňijisi. Magtymguly Pyragy medalynyň eýesi. Aziýa we Afrika ýurtlarynyň raýdaşlygynyň sowet komitetiniň Hormat haty we medaly. Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň neşir işleriniň bäsleşiginde I derejeli diploma, Hormat hatyna we pul sylagyna mynasyp boldy. SSSR Ýazyjylar, SSSR Žurnalistler birleşiginiň agzasy. Zähmet weterany.
Terjime Eden Eserleri
düzetMarko Polo „Dünýäniň köpdürlüligi hakynda kitap“. Migel de Serwantes „Ýeser idalgo Don Kihot Lamançaly“, 2 tomdan ybarat roman. Waleriý Berezikow, „Emir Teýmir“, roman-hronika. Gerbert Uells, „Göze ilmezek“, fantastiki roman. Piter Şeffer, „Amadeý“, sahna eseri. Gumer Başirow, „Tatar halk döredijiligi“, degişmeler, ýomaklar, gysgajyk kyssalar. Bulardan başga-da köpsanly hekaýalary türkmen diline geçirdi, çeper terjimäniň meseleleri barada ençeme makalalary, ýüze golaý hekaýa, döredijilik işgärleri barada elliden gowrak ýatlamalary, şonuň ýaly-da publisistik makalalary hem-de başga-da dürli žanrdaky eserleri ýazdy.
Işlän Ýerleri
düzet1965-nji ýylda Aşgabat etrabynyň „Zähmet“ gazetinde korrektor bolup işe girýär. 1970—1995-nji ýyllar aralygynda „Edebiýat we sungat“ gazetinde korrektor, neşiri goýberiji, edebi işgär, bölüm müdiri, jogapkär kätip wezipelerinde işleýär. 1995—2013-nji ýyllar aralygynda „Watan“ gazetinde habarçy, jogapkär kätibiň orunbasary, bölüm müdiri, jogapkär kätip wezipelerinde işleýär. 2013-nji ýyldan bäri „Dünýä edebiýaty“ žurnalynyň terjimeçisi.
Çykan Kitaplary
düzet„Lälik“, satiriki hekaýalar. „Rahatlyk“, çagalar üçin hekaýalar. „Çykalga“, satiriki hekaýalar. „Ýolbarsyň haky“, satiriki hekaýalar. „Gören-eşidenlerimden habar bersem...“, döredijilik işgärleri bilen bolup geçen gyzykly wakalar. „Dünýä gülýär“, dünýä halklarynyň ýumorlary
Примечания
düzetСсылки
düzethttps://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/8/articles/40228