İnsan tuhaf hissediyor okurken, çok rahat anlaşılıyor.

Ýewropa, Ýaponiýa, ABŞ we ş.m. ösen ýurtlar ýaly, türkmen döwleti- ebedi halk bolmak maksady bar bolsa, türkmen dilini ösdürmekde uly goşant goşmalydyrys, aslynda dil meselesi, halkyň siwilizasiýa bolup döremegi ýa-da onuň ýitip gitmeginede sebäp bolup bilýär. Ýerli halkyň diliniň esasy sakçysy-ýazuw bolýar we şol ýazuwuň üsti bilen aň-huşy ýitiletýän kitap çeşmesinde, halkyň ruhybelentligi we ylym-bilimi artdyrylýar. Munuň hilini artdyrmakda, häzirki ösen telewizor, kompýuter, internet, öýjükli telefonlar arkaly halkyň dykgatyna hasda giňeşliýen ýetirlýär. Esasanam, diliň berkemegine, medenýet- uly itergi berip bilýär. Gynansakda, türkmen dili- häzirki wagyta çenli, örän kyn günleri başyndan geçirdi, tasdan-da onuň ýitip gitmegnede sebäp boldy. Türkmen diliniň ýitip gitmegine nähili howpyň sezewar bolandygyny we näme boljagyny analiz edeliň: XVII, XVIII ,IX-njy asyrda ýaşap geçen görnükli şahyr Magtymguly, Mollanepes, Kemine, Seýdi we beýleki şahyrlar - türkmen dilini arap elipbiýinde ýazypdyrlar. Elbet-de ýurdyň durnuksyz ýagdaýynda (ýagny uruş, açlyk, ysgynsyzlyk) halkyň sowatlylyga asla eli degmeýär. Sowatsyzlygyň sebäbi arap diliniň elipbiýinde ýazylan kitaplary okap bilmezlikde däldä, eýsem durnuksyz ýylyň döwürunde, huşuň ýeke, çykalga tapmak wagtyna sarp edýändigini bilýän bolsaňyz gerek. Türkmen elipbiýi we ýazuwy arap elipbiýinde bolan bolsady, türkmen halkynyň intelektual baýlygyna otrisatel, ýagny erbet täsiri bolarmydy ? Häzirki wagytda, arap elipbiýini ulanýan Arap, Pars, Hindi, Pakistan dilli döwletlerde, başga elipbiýe geçmän, medenýetini giňden alyp barýarlar we daşary ýurt dillerini öwrenmekde hiç-hili bökdençlik görmeýäler. Ýa-da bolmasa, Ýapon we Hytaý halkynyň islendik ylym bilimi öz dilinde öwrenmek we şol döwlet dilinde, çagalary ylym alyp, durmuşda içgin ulanmakda, hiç-hili päsgelçilik görmeýärler. Ýogsa Hytaý,Ýapon elipbiýi arap elipbiýindenem çylşyrymly ahyryn!. Geliň taryhy senelere, seredip geçeliň, Russiýanyň ak padşa diýip atlandyrlan Nikolaý padşasy, geosyýasadyny ýöretmek maksady bilen türkmenleri doly penjesine alandan soň, türkmenleriň görnükli hanlary we begleri, russiýa hökümýetiniň gol astynda bolmaly bolýar(onuň düzümüne ähli Orta Aziýa, kawkaz, milletlerem girýär), ýöne Lenin atly kommunist gozgolaňçy-ak padşa Nikolaýy syndyrmak maksat bilen onyň garşysyna göreşip, onuň häkimýetini doly derbi-dagyn edýär we Nikolaý padşanyň özüni we onuň maşgalasyny tutup, syrly ýere äkidip atýarlar we şaýady bolmasyn diýip olaryň jesediniň üstünden kislota erginini guýarlar we onuň üstünden ot ýakýarlar. We Nikolaý padşalygyndan galan ähli mülkdarlyk, kommunist gozgalaňçy Leniniň täze yglan eden Sosiýalistik Sowet döwletiň eline geçýär. Türkmenistan döwleti, söwet häkimýetine doly geçenden soň, sowet häkimýetniň ideologiýasyny (ýörelgelerini) ýerli halka düşündürmek maksady bilen sowatlylyk programmasyny alyp barýarlar. (eger-de seneler nädogry bolsa düzediň) 1919-20 njy ýyllardan başlap 1928-nji ýyla çenli kitaplar, žurnallar, gazýetler jezitçe(basmaça şrift) diýip atlandyrlan arap elipbiýinde çap edilip ugraýar. Şol wagytalr ylym bilim berip biljek mugallymlary we talyplary doly derejede taýynlap ugrapdylar. Ýöne 1928-nji ýylyň 3-nji Ýanwarynda söwet rus kommunistik hökümdarlary, arap elipbiýinden latyn elipbiýine geçmegine buýruk berýär. Şeýlelikde sowatlylyga ýol açan türkmen halkynyň sowatlygynyň köküne palta urulýar. Türkmenistanlylar erjellik bilen latyn elipbiýine geçilenden başlap, türkmen intelgesiýasynyň köpelmegine uly zähmetler çekýärler, ýagny ýeterlikli kitaplary, jurnal-gazýetleri çap edilip başlaýar , ýöne bulam uzaga gitmeýär. Bu latyn elipbiýi 1940-njy ýyla çenli dowam edip, soňrada ýatyrylýar. Onuň deregne häzirki ruslaryň dowam edip gelen krillisiýa elipbiýine geçýäler. Bu ýene-de ikinji sapar sowatlylyga ýol açan türkmen halkynyň sowatlygynyň köküne palta urulýar. Biziň ata-babamyzyň ýaňyja alyp ugran ujypsyzja ylym-bilim sowatlylygyna kast edilýar. Türkmenleriň ruhy ölüşigi hasda möwjäp ugraýar. Bu dil kastynyň we bir elipbiýden beýleki elipbiýe geçilmeginiň sebäbi, näme sebäp boldykan ? Meniň pikirimçe (siziň pikiriňiz bilen gabat gelmezligi mümkindir) dil we elipbiý kasty şeýle sebäplerden durýar: • Arap elipbiýinde ýazylan kitaplary, sowet rus kommunistik häkimlerine düşünmek agyr düşýär. • Arap elipbiýinde ýazylan kitaplaryň üstü bilen, dindarçylygyň duýgusynyň we din biliminiň türkmen halkynyň arasynda möwjemek gorkusy. • sowet rus kommunistik häkimleriniň arap elipbiýinde idieologiýany alyp barmak kynçylygy. • Ata-babalarymyzyň miras galan Gurhan, Magtymguly, Gorkutbaba w.ş.m gymmat bahaly mukaddes kitaplaryň manysyny türkmen halkyna ýetirmezlik we watana bolan söýgüsiniň ýok edilmegi. • Arap elipbiýinden Latyn elipbiýine geçilmeginiň sebäbi, söwet häkimýetiniň içine girýän döwletleriň arasynda umumy ortak dilli elipbiýiniň döretmek maksady.

Arap elipbiýinde ýazylan kitaplar terjime edilmedi we geljeki okuwçylar olary okamakdan mahrum boldylar. Çünki türkmen halkynyň geçmiş taryhyny bilmese, rus kommunistik hökümdarlaryň, türkmen halkynyň medenýetine, däp-dessuryna täsir etmek we şeýlelik bilen ol, halky, öz bähbidi üçin, gul hökümünde ulanyp bolýandygyny görüpdürler. Latyn elipbiýiňem edil arap elipbiýisi ýaly mahrum bolýar. Latynçada ýazylan kitaplary , arap elipbiýinde ylym alan ata babalarymyz okap bilmeýärdi. Şol döwrüň ideologiýasyna we syýasatyna gabat gelmeýän edebýatdyr-kitaplary terjime etmek gadagandy we rus kommunistik hökümýet tarapyndan yzarlanýardy. Ýeke, şol döwrüň ors kommunistik şahslary bolan Leniniň, Marksyň, Engelsiň, Staliniň kitaplaryny terjime edip, türkmen halkyna hödür edip ugradylar. Ýazmak, sanamak, okamak ýaly zatlary öwredilenem bolsa, esasy prinsipler, kommunistik düşünjeleri giň ýaýratmakdady. Ýaş okuwçylar öz geçmeşini köpüsü bilse, bir bölegi bilenokdy. 1940-njy ýyllarda „watançylyk“ urşy başlanýar. Ähli bilimli we ylymly mugallymlary urşa ýygnaýarlar. Şol wagytlar Russiýanyň paýtagty Moskwa, türkmenleriňem paýtagty hem-de watany diýip düşündürilýärdi. Şol wagytlar Latyn elipbiýinden Krilisiýa elipbiýine geçilen döwürleridi. Ýagny 1940-njy ýyllarda krillik (rus harpy) elipbiýine geçilmeginiň sebäplerine meniň pikirimçe şeýle düşünmek bolar: • Sowet kommunistik ideologiýasynyň dörän ýeri Russýet bolanlygy hem-de krilliýsiýa elipbiýini ulanýanlygy sebäpli we orta aziýadaky halklaryň arasynda ýaşap ýören slowýan (rus, ukraýyn, belorus w.ş.m) milletlere latyn dilinde ýazylan gazýetler we žurnallar, kitaplar düşnüksüz boljaklygy üçin we rus dili, ähli söwet häkimýetiniň içine girýän orta aziýa döwletleriň milleti bolan türkmenler, özbegler, gyrgyzlar, gazaklar üçin, ortak umumy rus dili döretmek maksady laýyklyk bolanlygy sebäpli, Latyn elipbiýinden Krilisiýa elipbiýine geçilmek zerurlygy. • Latyn elipbiýinde okap bilýän türkmenleriň, dykgatyna iňlis, franzus, nemes dilli halklaryň täsirinden daşyrakda saklamak maksady. • Türkmen halkynyň köp intelgesiýanyň (sowatly adamlaryň aglaba köpüsüni) 1940-njy ýylda urşa alynmagy we latyn elipbiýinde okatýan öwrediji mugallymlaryň azalmagy. • Uruş ýyllarynda Russyýet döwletiniň horluk bilen intelgesiýasynyň ýitip gitmek gorkusy netijesinde, wagytlaýynça Türkmenistanda unwersitetleriň, institutlaryň döredilmegi hem-de rus intelgesiýasyny (sowatly adamlaryny) iberilmegi, uruşdan wepat bolan sowatly adamlaryň öwezini dolar ýaly, ýerli halklardan özüne gerek bolan kadyrlar meselesini çözmek üçin rus dilini giňden girizilmegi. Bu zatlara akyl nazary bilen seredeniňde, elipbiýden başga bir elipbiýe geçmekligiň özi, şol halkyň gerekli bolan millet duýgasyny ösdürüp biljek maglumaty okap düşünüp bilmezlik we şeýlelikde şol halkyň medenýetiniň pese düşürmek maksady bilen, onuň ýerine kommunistik medenýetini girizirmek we ýerli halky, isledigiçe üstünden agalyk edip, halky elinde saklamak usuly, rus kommunistik ideologlary ň esasy maksatnamalaryna giripdi. Şol döwürlerde ýokardaky sanalan we agzalyp geçilen punktlaryň garşysyna gitmek mümkün däldi, çünki „ýüzüň üstünde burnuň bar“ diýeniň özüni gaty erbet horluga ýa-da ölüme sezewar edýardiler. 1930-njy ýyllarda ýaňy köpelip ugran intelgesýasynyň (sowatly adamlaryň) garşysyna zulum edilipdi, eýäm 1940-njy ýyllarda sowatly adamlaryň aglaba köpüsi hasda azalypdy. Şol wagytlarda islendik, ujypsyzja ýüze çykan milli ýa-da ýerli meseleleri, Russýetiň paýtagty Moskwada bolýan kommunist ýolbaşçylaryň gözýetimine we olaryň egoistik prinsiplerine görä çözulýärdi, ýagny hasda düşnükli edip aýdanyňda, ideolgiýa gabat gelmeýan mesele bolsa, düýbünden çözülenokdy. Şol pyjagaly döwürlerde, rus kommunistik häkimýetiniň eden-etdiklerine yrza bolmadyk halkyň, köp bölegi, döwletiň çäginden çykyp, başga ýurtlara gitýärdi, ylalaşmadyklar „ölsek galarys, söweşsek ýeňeris“ diýip, söwet rus kommunistik häkimýetiniň garşysyna göreşip wepat bolýardylar. Käsi bolsa „diri galanyma şükür“ diýip näme etseler şoňa kaýyl bolýardylar. Şol 1930-njy ýyllarda şugullamak, bir-birine töhmet atmak, ýamanlamak, garalamak, hyýanat etmek ýaly häsýetler, hasda köpelipdir. Kommunist ýolbaşçylary bir-biriniň ýerini aljak bolup, bir-birine şyltak atmakdan başga aladalary bolmandyr. Töhmet edilenden garaman, adamlary subutsuz-şaýatsyz ony tussaghana(türmä) basypdyrlar hem-de atuwa sezebar edipdirler. Urşdan, horlukdan, açlykdan peti bizar bolan türkmen halky, Russýetiň kommunistik edeplerini, onuň ýollaryny, maksatlaryny alaçsyz kabul edipdirler. Şeýlelikde, türkmen halkynyň başyna gelen rewolýusiýa belasy, 1930-njy ýyllara çenli dörän intelgentleri (sowatly adamlary) „tutda-bas“ syýasatynda ýogyna çykylýar. Türkmen milletiň döwlet derejesinde ösmegine, örän päsgel berilýär. „Watançylyk“ urşynda rus intelgesiýasynyň ýitip gitmek gorkusy sebäpli, öz sowatly adamlaryň aglaba köpüsüni Orta Aziýa iberilýär. Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde komunistik häkimleri, ýokary okuw jaýlarynyň birnäçesini gurýalar we onda rus dilinde okadylan okuwçylar üçin niýetlenendi. Sebäbi birinjiden: rus dilinde okap bilýän türkmen okuwçylary iki-ýeke bar diýmeseň, ýok diýen ýalydy. Ikinjiden türkmen okuwçylary, öz ene dilini, täze harpy bolan rus (krilisiýa) elipbiýinde täze geçip ugrapdy. Täze döredilen unwersitetlere we institutlara, Russýet döwletinden gaýdan mugallymlar, rus dilinde okap bilýän okuwçylar üçin iberilipdi.1946-njy ýylda, Aşgabatdaky ýer titremeden soň, rus intelgensiýasynyň aglaba köpüsi, Russýede gaýdyp barýar, galanam Türkmenistanda galýar. Russlaşdyrmak syýasady 1950-nji ýyllarda giňden möwüç alyp ugraýar. Şol döwrüň, Sowet Türkmenistan diýip atlandyrlan döwlediň, türkmenistanlylary öz çagalaryny rus mekdebe berýärdiler. Rus mekdebi gutaranyňdan soň, hala Türkmenistanyň, hala Russýediň we islendik Söwet Birleşen Respublikalarynyň ýokary-okuw jaýlaryna girip, ylymy-bilimi dowam etjek bolsaň, rus dilinde gürläp, okap, ýazmak ýeterlikdi. Türkmen dilli talyplar üçin, rus ýazyjysy Maksim Gorkiý adyny göterýän Unwersititet-de(häzir Magtumguly adyndaky unwersititet), ýeke türkmen dili we edebiýaty fakultetinden türkmen dilinde sapak berilýärdi. Inžener, lukman, ýagny alym derejede öwrenjek bolsaň, rus dilinde öwrenmeli bolýardy, iň bolmanda kiçi kärler, sürüji, elektrik, şepagat uýasy(medsestra) we ş.m hünärleriň hemmesem rus dilinde alyp barylýardy. Islendik, edarada işgär ulaljak bolsa, rus dilinde ökde ýazyp we gürläp bilmeseň, ýokary derejä asla çekmeýärdiler. Türkmen halky, rus dilini öwrenseň köp ýeňňilikler alyp bolýandygyny görüp, öz çagalaryny rus mekdebe berip ugraýar, hat-da ene atalar, öýlerde, daşarda, islendik ýerlerde, çagalary bilen rusça gürleşip ugraýar. Türkmen dilini bilmeseňem kynçylyk ýokdy, bary-bir şähere çyksaň, awtobusda, edaralarda, ýokary ökuw we kiçi hünärment jaýlarda, harby goşunlarda, hassahanada islendik ýerde rus dilinde alynyp barylýardy. Türkmen dili, ýeke öz-ara türkmenler bilen gürleşip bolýardy we radiýoda telewizorda hem-de aýdym-sazda eşdilýärdi. Esasanam obalarda we sowhozlorda giňden ulanýarlar. Türkmen kommunistik ýolbaşçylary, türkmen dilini, jemgiýetiň ähli pudagyna ýerleşdirmekde, nähili işler alyp barandygy barada maglumat tapyp bilmedik. Ýöne nakylyň „Dokuň açdan habary ýok „ diýişi ýaly, türkmen itelgesiýasynyň aglaba köpüsi, rus mekdepde, terbiýe, ylym-bilim alansoň, türkmen dilinde gürlemek, rus dilinden çykýan hünärment periýodiki kitaplary terjime etmek, ýokary okuw jaýlarda bilimi türkmen dilinde alyp barmak, bu işler dereksiz ýaly bolup görünýärdi. Şol Sowet häkimýetiniň düzüminde bolan, türkmenistanlylar, ýokary okuw jaýynda ylym-bilim dersleri, türkmençe alyp barmak we tehniki ylym kitaplary rus dilinden terjime meýliňi ýola goýmak islegiňi görkezseň, seni millet parazlykda aýyplap, masgara etmekden gaýtmaýardylar. Aslynda şäherdäki ýaşaýan türkmenler, rusça gürleşmäge çalyşýardylar, sebäbi kä bir adamlar türkmençe gürleseň „sen ors dilinde gürläp bileňok, utanmaýarmyň“ „orsçany dogry gürle akmak“ diýip masgaralaýardylar. Bu ýagdaý 1940-njy ýyldan başlap, ynha şu günlere çenli dowam edip, rus dili durmuşymyza şeýle bir ornaşdy welin, hatda rus diliniň ýitmegi, türkmen halkynda tragediýa hökümünde görülýärdi. Sebäbi biziň, aglaba türkmen intelgensiýasy türkmen halkyndan diýip hasap etsekde, olar rus dilinde ylym-bilim alyp, ruslaryň medenýetini üýtgemesiz kabul etdiler, çagalary türkmen bolsada, rus dilinden başga dile bermeýärdiler. Ähli türkmen halkyny ösdürjek intelgensiýa adamlary şulardan ybaratdy: • ors • ors dilini ene dili bilen çalşan türkmenler (ata-babalary türkmen) • ors dilli gaýry milletler Şonuň üçinde türkmen halkynyň milli görnüşde ösmegi asla mümkin däldigi aýdyň görünip durdy. Geçen asyryň 1950,60,70,80,90-njy ýyllarda şeýle epizody(suratlandyrmak) häli şindi görmek bolýardy. Türkmen çagalaryny okuwa beren ýagdaýyňda, şeýle kynçylyklara we päsgelçiliklere sezewar bolýardy: 1-nji klasdan 10-njy klasa çenli türkmen dilinde okuw derslerini öwrenip gutarýarlar. Ýokary okuw jaýlarda we kär öwredýän hünärment liseýler üçin, okuw derslerini rusça okadýardylar muňa ýeke: • rus çagalary • ors mekdebi gutaran çagalar • şäherde ýaşaýan türkmen çagalary (ors çagalarynyň arasynda önüp ösen türkmen çagalary)

	Obadan gelen  türkmen okuwçylary, rus diline asla düşünüp bilmeýärdi, olaryň kä birleri erjellik bilen öwrenýärdiler, kä birleri bolsa, okuw derslerini rusça okap bilmän uly kösençliklere duçar bolýardylar. Mysal üçin, ýokary okuw jaýyna giren derejesinden başlap, ähli ylym-bilim derslerini rus dilinde berdiler, şonuň üçinde, rus diline düşünüp bilmän, okuwa höwesi gaçyp, okuwlaryny zyňyp gitýärdiler ýa-da kowulýardylar. Kä talyplaryň guruplyrak ene-atalary, çagasyny kursdan-kursa galdyrmazlyk üçin, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlaryna „para“ bermek we hödürlemek däp-dessura öwürdüler. Hatda türkmen mugallymlardan, okuw derslerini türkmençe düşündürmek haýyşyny etseňem, „rus diline düşünmän näme okuwa geldiň“, diýip ýüzüňi alyp goýberýärdiler, masgaralaýanlarda bardy. Bir fakultetiň içinde, rus diline düşünmeýän ýigrimi okuwçy türkmen bar bolsa, arasynda üç sany rus dilli talyby bolsada, okuwy rus dilinde alynyp barýardy.

Ylyma-bilime degişli kitaplary terjime kän bir edilmeýär, mekdep okuw kitaplaryny terjime edilsede, durmuşa gerek kitaplary, ýagny, ýokary okuw jaýlarynyň programmasyna degişli wajyp kitaplaryny asla terjime edilmeýär. Türkmen dil edebiýat ýagdaýam öwerlikli däldi. Edebi mazmunlary, şol döwrüň kommunistik ideologiýasyna degişlidi we kommunistik durmuşy öwmelidi. Edebiýatda, türkmen gahrymanlaryny gowylykda, gahrymanlykda görkezen ýerlerde, edebeiýatyň awtoryny- milletçilikde aýyplapdyrlar, çaphanada kitaby çap edilmegi gadagan edilipdir, edebiýat eserlerini elinden alyp ýok edipdirler, onuň bilenem çäklenmän prokratura çagyryp, bir näçe ýyl kesip, tussaghana basypdyrlar. Bu ýagdaýlaryň garşysyna çykan adamalary, işinden kowupdyrlar, tä özi hassa bolmagyna çenli ezýet baryny berip, akylyndan azaşdyrypdyrlar. Russýetiň kommunistik ideologiýasynyň we gysgyjynyň täsiri netijesinde, türkmen halkynyň göz ody alynan soň, kän bir milli duýgulary, türkmen bolmak höwesini, daşyna çykaryp bilmändirler. Öz geçmişini bilmedik halk, hasda ownap ugraýar. Bu bolsa öz gezeginde, geşmişinden bilmek mahrumçylygy, başga milletleriň din we dil medenýetini kabul edilmegi we türkmen halkynyň orslaşdyrma syýasady has giňden ýaýraýar,. Çünki türkmen milletiniň ikä bölünmek howpy abanýardy, türkmenleri bir-birinden hasda daşlaşdyrdy, ýagny orslaşdyrlan milletiň döremegine getirýär (ýagny milleti bir,dilleri aýratyn). Garaşsyzlyk alan wagtymyzdan soňrada türkmen diline geçmek programmasy doly ýerine ýetirilmedi. Onuň sebäbi şu päsgelçiliklerden ybaratdyr: • ýokary okuw we hünärment liseýleriň kitaplaryny terjime edilmedi, şol okadylýan kitaplaryň terjimesi ýeke okadýan mugallymyň we talyplaryň üstüne atyldy. • türkmen dili ösdürmek maksady bilen döwlet tarapyndan programmalary düzülmedi we doly goldaw alynmady. • jemgiýetiň esasy sütüni durýan mugallymlaryň, ylmy ýolbaşçylaryň, inženerleriň, lukmanlaryň rus dillinden başga dile geçip bilmezligi we türkmen dilinde ýazyp we okap bilmezligi. Bu ýagdaýdan çykalga tapmak mümkünmi ? Biziň pikirimizçe şunuň ýaly zatlardan ybaratdyr: • Ähli rus we iňlis dilinde ýazylan ylmy, hünärment kitaplary, edebiýatlary, ylmy populýar žurnallary, çap etmek üçin gerekli bolan milli maksatnamany ähli syýasatdan birinji prioritetde goýmak. • Ähli rus we iňlis dilinde ýazylan ylmy, hünärment kitaplary, edebiýatlary, ylmy populýar žurnallary, çap etmek üçin gerekli derejede pul we maýa goýyumlary harj etmek. • Ähli rus we iňlis dilinde ýazylan ylmy, hünärment kitaplary, edebiýatlary, ylmy populýar žurnallary, çap etmek üçin terjime fakultetiniň döredilmegi we terjimeçi hünärmentleriň taýarlanmagy. (Bu ýeke kitap terjimesine degişlilikde bolmaly). • ýeke bir rus we iňlis dilinde ýazylan kitaplar bilen çäklenmän, eýsem ähli ýewropadaky çykýan ylmy neşirýatlary terjime edip, halka hödürlemek. • Her fakultetiň hünärment bölümlerine degişli bolan terjime edilen ylmy kitaplary ýarty bahasyna döwlediň tölemegine, galan ýarty bahasyna bolsa talyplaryň özi tölemegi. • terjime we çaphana telekeçiligini ösdürmeli, sebäbi telekiçilegiň arasynda bäsleşik ösüp, terjime edilen kitaplaryň bahalary gaçyrlar. Bize ýakynrak goňşymyz bolan, Eýran Islam we Türkiýe döwleti daşary ýurt meýdanynda, orun tutjak bolup, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň ähli ýokary okuw jaýlarynyň hem-de hünärment okuw kitaplaryny terjime edip, halkyna hödür edildi. Russiýa, Hytaý, Ýaponiýa ýaly ýurtlaram ösmegne itergi beren zat, daşary ýurtdaky peýdaly we gyzykly kitaplaryny we dürli neşirýatlaryny terjime edip, ylym ýöretýän ähli pudaklaryna ýaýradyldy, şol sebäpdende olaryň ösen ýurtlaryň hataryna goşuldy. Munyň ýaly özgerişiklere biz taýynmykan ? Bizem Eýran, Turkiýe, Russiýa, Hytaý, Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň tejribesini kabul edip bilermikäk ? Ýa bolmasa, bize entek Garaşsyzlygymyzy bermedik bolaýmysynlar ? Ýa biziň egnimiz gysyk, gul ýaly bolup, gezip ýörmegimiz tebigi bolaýmasyn ? Elbet-de biz türkmenler, biziň ýurdumyzda ýaşap ýören ors dilli milletleriň göwnüne degjek bolup, we olary masgaralajak bolup durmaly däldir. Çünki, garaşsyzlyk alanymyzdan soň, rus dilli halkyň, türkmen diliniň öwrenip bilmeýänine özümiz günäkärdiris we olaryň, biziň ýurdymyzda galyp, watandaş boljak islendik gaýry milletine, türkmen diliniň öwrenmekligine ýardam bermelidiris we olary öz milletimize kabul etmelidiris. Mekdeplerde, Unwersitetlerde, Institutlarda, Liseýlerde okaljak dersleri türkmen dilinde alyp barmaly we kitaplary terjime etmekde we maliýe kömegini bermekde bökdençlik görkezmeli däl. Ýöne bir zadam ýatdan çykarmaly däl, hakykatdan-da rus dili, medenýetimize, ylymymyza, bilimimize çuňňur ornaşdy, şonuň üçinde , rus diliň ornuny türkmen dili doly we anyklaýyn tutynça, rus dilini biziň durmuşymyzdan zorlyk bilen aýyrmaly däl, türkmen dilini zorlyk bilen öwretmeli däl. Ýöne halk derejesinde saklanjak bolsak, onda ýokardaky agzalan teklipleri kabul edip, durmuşda şol programmany doly ýerine ýetirmelidiris. Biziň prezidentimiziň ýglan eden Latyn elipbiýini indiden beýläk, geljeki prezidentler üýtgetmeli däl. Eger-de biz öyke-kine etmän Watanymyzy abat saklamak üçin agzybir bolsak onda duşmanlar nähili güýçli bolsada, bize dişi ötmez. Bu bolsa öz gezeginde Watanymyzyň gülläp ösmegine has itergi berer diýip umyt etýärin.

Eger-de kimiň şahsyýetine nädogry maglumatlar bilen zeper ýetiren bolsak, Sizden ötenç soraýarys, ýöne kemçiligimizi aýdyp bilýän bolsak bu bir ynsanperwer halkyň bagtynyň hemişe açyk boljagyna tüýs ýurekden ynamymyz bar !

"Türkmen dili" sahypasyna dolan.