Çopandepe
Çopandepe Jeýtun medeniýetiniň bir ýadygärligidir. Häzirki Gökdepe etrabyndaky pessejikdepe, çopandepe we beýlekiler Jeýtun medeniýetiniň ortaky[1] döwrüniň ýadygärliklerindendir. Jeýtun medeniýetiniň giçki döwrüne degişli ýadygärlikleriniň esasysy bolsa, çagyllydepedir. Jeýtun medeniýetiniň irki döwrüne Jeýtundepe, Togalakdepe oturymly obalary degişlidir.
Çopandepe Gökdepe etrabynda ýerleşýär. Çopandepe Türkmenistanyň çäklerindäki iň gadymy ekerançylyk obalarynyň biri bolupdyr. Arheologiki tapyndylaryň şaýatlyk etmegine göra, b.e öňki V müňýyllykda bu ýerde ilat oturymlylyga geçipdir we kem-kemden däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmäge başlapdyr. Netijede, ilkinji oturymly ekerançylyk obalary peýda bolýar.
- ↑ Jeýtun medeniýetiniň ýadygärlikleri üç döwre: irki, ortaky we giçki döwürlere bölünýär.
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |