Çowdur
Umumy maglumatlar
düzetIňňän irki eýýamdan tä şu günlere çenli özbaşdak taýpalygyny saklap gelýän 5 türkmen taýpasynyň biri çowdurlardyr (beýlekileri Baýat, Salyr, Eýmir, Ýywa taýpalary). Çimkent gazaklarynyň düzüminde şawuldyr diýen urugyň, şu etrapda şeýle atdaky demir ýol stansiýasynyň bolmagy çowdurlaryň XI asyra çenli Türküstan töwereginde ýaşandygyny görkezýärler. Soňra olaryň uly topary Maňgyşlaga gelýär. Bozajy diýen çowdur taýpasy bu ýerdäki Bozajy ýarym adasynda ornaşýar. XVI一XVII asyrlarda çowdurlaryň bir bölegi abdallar we söýünjajylar bilen birlikde Astrahan hem-de Stawropol etraplaryna göçýärler, beýleki bir bölegi bolsa Daşoguz welaýatynyň Kalinin hem-de Telman raýonlarynda ýaşaýarlar. Uzak taryhy döwür içinde çowdurlaryň öz içine dürli taýpalary (meselem, abdallary (Akhun), Igdirleri) siňdirişi we köpelip-känelişi ýaly, onuň çowdur diýen etnik ady hem dürli fonetik özgerişlere sezewar bolupdyr. Meselem, XI asyr alymy Mahmyt Kaşgaryda bu taýpanyň ady juwaldar görnüşinde duş gelýär, bu alym ony 24 türkmen-oguz taýpasynyň arasynda 20-nji orunda goýýar. Reşideddiniň işinde jawuldyr, Ýazyjy-oglunda çawyndyr, Abulgazyda Çawuldyr görnüşlerinde getirilen bu etnonim 15-nji orunda bolup, sanalan alymlar ony Oguz hanyň 4-nji oglynyň (Gökhan) 3-nji neberesiniň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Diňe Salar Baba Çawuldyry Daghanyň 2-nji ogly hasaplap, ony 18-nji orna geçirýär. Bu alymlaryň etnonime berýän düşündirişleri şeýle: Reşideddin: «Şerefli (şöhratly), üýni ýaýgyn (ýagny sesi gaty); Ýazyjy-ogly: «Namysly we yrak çawly (ýagny sesi uzaga gidýän)»; Salar Baba: «Daýym (mydam) işi uruş-dawa bolgaý»; Abulgazy: «Şan-şerefli» we «Namysly». Häzirki döwrüň alymlary hem çowdur diýen etnonimi orta asyr alymlarynyňka meňzeş terzde düşündirýärler. Meselem, türk alymy I. Kafesogly bu babatda «beýik şöhratly» çowdur şiwesini öwrenen türkmen alymy H. A. Maşakow bolsa «Namysjaň, gahryman» ýaly düşündirişleri getirýär. Biz bu etnonimiň iň gadymy juwaldar (Çowaldar diýip okamak hem mümkin) häzirki döwürde ulanylýan çowdur görnüşlerinden ugur alyp, onuň düýp köküni Çog (Çok, Çoh) diýen türki söz bilen baglanyşdyrmakçy (çok sözi ýemrelileriň çokçy tiresiniň adynda hem duş gelýär). Türkmenistandaky Çohpetde (asly Çokpetde), Çokagaç, Çokjünewüt ýaly ýer-ýurt atlarynda çok sözi «gür», «topbak», «bir ýerde çogdam ösýän» ýaly manylary aňladýar. Häzirki türkmen dilinde çok sözi «köpçülik», «märeke», «ýygyn» diýen manydadyr, hatda «çopan adam çoka (märekä) bolmaz» diýen nakyl hem bar. Çog/ çok sözüniň gadymy manysy çugdumlamak, çugutmak, çokul (depede ýa-da ýeňsede goýulýan çogdam saç), çokaý (agzy bürülip bir ýere ýygnalýan aýakgap), çokga (sakgal), çogmak (topbak) ýaly sözlerde saklanýar. Diýmek juwaldar/çowdur diýen etnonimiň juw/çow sözleri aslynda çog/çok/çug sözünden bolup, ol «ýygyn», «märeke», «topar», «il» diýen manyny aňladypdyr, bu sözüň yzyna goşulan -yl, (-yn) 一köplük sanyň goşulmasydyr. Çowdur,igdir, çandyr ýaly etnonimler üçin umumy bolan -dur/ -dyr/ -dir goşulmalarynyň asyl köki näbelli (kem işlik goşulmasy däl), ýöne etnonimiýada onuň hem köplügi aňlatmagy mümkindir.
Çeşme
düzetSoltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmenleriň nesil daragty) Aşgabat «Turan一1» 1994. sah-229-230.