Özünden öň: Suýlihu

Özünden soň: Hulagu (Huluku)

Öldi: b.e.öň 96.

Hanedan: Suýlihu Hun hanedanlygy

Kakasy:???

Aýaly: Ýançži , Li Lina

Çagasy: Hulugu, Ady näbelli gyzy we ogly bolan.

Umumy maglumat

düzet

Çudihu şanýuý atasynyň ölüminden soňra oglanlyk ýaşda häkimýetde galdy. Ýaşynyň kiçiligine seretmezden syýasaty bilen hökümdar tagta çykdy we kiçi ýaşdadygyny bahana edip Çyn ilçisini soňra kabul edilmegini isledi. Gelen Çyn ilçilerini yzyna göndertdi. Asyl ady Çedi bolan şanýuý soňky ýyl täze Çyn ilçisini garşylady. Çudihu gelen ilçileriň bozuk planlarynyň üstüni açyp, bütin ilçileri Baýkal kölüniň etrabyna sürgün etdi. Islegleri kabul edilmedik Imperator Wudi täzeden hüjüme girişdi. Üç tarapdan goşuny gönderdi. Birinji hoşuna Li Kuankli baştutanlyk etdi. Ol Hun ýesirlerini alyp yza dolananda hunlaryň duzagyna düşdi we 70 sany esgeri öldürildi. Ikinji goşun söweşsiz zatsyz boş yzyna dolandylar. Üçünji goşuna baştutanlyk eden Li Lin Şanýuýyň goşunyna hüjüme geçdi. Emma söweşde açlykdan 400 esgeri bilen birlikde Hunlaryň tarapyna geçip [1] şanýunyň gyzy bilen öýlendi. Hakasiýa ugradylyp ol ýerleri dolandyrmaga başlady. Şanýunyň ölûminden bir ýyl ozal Li Kuanklinyň baştutanlygynda Çyn goşuny Ýuýu hunlar bilen 10 gün ganly uruşlary alyp baranyndan soňra ýeňilip yza çekildi. Çyn hüjümlerini dep eden hunlar etrap-şäherleri eýeläp yza dolandylar. Li Kuankli hunlara garşy täze herekete geçjek wagty muny aňan maşgalasynyň günäkärlenýändigini bildi. Li Hunlara hüjüm etdi sebäbi Çyn imperatoryň merhemetini gazanmalydy. Ol hüjümden yza çekildi. Çudihu şanýuýbLi Kuankliniň ýoluny 60 müň atly bilen kesdi. Çyn goşuny uly heläkçilige uçrady. Li Kuankli boýun boldy. Onuň maşgalasy bolsa Çyn-maçyna tarap ugradyldy. Çudihu şanýunyň iki ogly bardy. Kiçi ogly Huluku onuň ölümünden soňra tagta geçdi

Çeşme

düzet

1. ^ Taskin B.S., "Materials on Sünnu history", Science, Moscow, 1968, p. 31 (rusça)