Çynar Jumaýewa Şaýmerdanowna
Çynar Jumaýewa Şaýmerdanowna - türkmen aýdymçysy
Çynar Jumaýewa Şaýmerdanowna | |
Doglan wagty we ýeri | 18.07.1975 Lebap wel. Dänew etr. Dostluk obasy. |
---|---|
Käri | Aýdymçy |
Milleti | Türkmen |
Bilimi | Azady adyndaky dünýä dillerr instituty |
Esasy baýraklary | "Watana bolan söýgüsi ücin "(2024) |
Biografiýasy
düzet18.07.1975 ýylda Türkmenistanyñ Lebap welaýatynyñ Dänew etrabynyñ Parahat daýhan birleşiginiñ Dostluk obasynda eneden doglan.
Başlangyç bilimi obasyndaky 10-njy orta mekdebi gutaran. Orta bilimi alanyndan soñra, 1992-nji ýylda Lebap welaýatynyñ çägindäki Seýdi şäherindaki hünärment mekdebinde orta hünär bilimini aldy we şol orta hünärment mekdebiniñ tans toparynyñ ýolbaşçysy bolup zähmet ýoluna başlady. Şol ýyl Seýdi Şäheriniñ medeniýet bölüminde aýdymçy, çagalar bagynda terbiýeçi, aýdym-saz mugallymy, bolup hem zähmet çekdi. 1993-nji ýylda Sankt Peterburgyñ Ynsanperwer ylymlary boýunça ýokary okuw mekdebiniñ sungat bölüminiñ medeni çärelerini gurnaýjy we menejeri bölümine gaýybana ( Санкт-Петербургский гуманитарный университет профсоюзов) okuwa girdi.
1998-nji ýylda Dänew etrap medeniýet bölüminde aýdymçy hünärine iş başlady.
1999-njy Ýañlan Diýarym telebäsleşiginiñ gatnaşyjysy.
2001-nji ýylda "Saýatly-Hemra" spektaklynda Saýat hanyñ obrazyny ýerine ýetirdi.
2002-nji ýylyñ mart aýynda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ "Türkmeniñ altyn asyry" bäsleşiginiñ ýeñijisi we Türkmenistanyñ Prezidentiniñ altyn zynjyry,
2002-nji ýylyñ maý ayynda "Türkmenistanyñ at gazanan artisti" hormatly adynyn eýesi boldy.
2002-nji ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Rus dili we edebiýaty fakultetine okuwa girdi we 2006-njy ýylda tamamlady.
Aýdymlary
düzetMaşgalasy
düzetÝoldaşy Döwranow Gurbangeldi. 04.02.1972. 2002-nji ýylda durmuşa çykan.
Çagalary
düzetDöwranow Berdimuhemmet 2005
Döwranowa Aýnur 2013
Baýraklary
düzet- 2024-nji ýylda Türkmenistanyn Prezidentiniñ permany bilen "Watana bolan söýgüsi ücin " medaly bilen sylaglandy.
Çeşmeler
düzetBu şarkycy makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu biografiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |