Dünýäde meşhurlyga eýe bolan halyçylyk sungatyymyz halkymyzyň  naýbaşy gymmatlygy, milli buýsanjy hökmünde arzylanýar. Haly we palas dokmaçylygy gözbaşyny gadymyýetden aly gaýyp, onuň inçe tärleri dokmaçylar tarapyndan biziň gçnlerimize çenli dowam etdirýäler.

  
Haly dokalýan gural halk arasynda sebite görä gurama ýa-da dükan diýlip atlandyrylýar. Ozallar gerek bolan agaç pürslerini ýagyn-ýagyş ýaganda jarlarda, çaýlarda, oýtumlarda suwa ýatyryp goýupdyrlar. Şeýle edilende şol pürsler çeýe we döwülmezek, berk bolýar. Soňra olary guradyp, gurama ýasapdyrlar. Ýere dört gazyk kakylandan soň, taýýar kese agaçlar gayklara degrilip goýulýar.

   
Halyny, palasy sähetli güne gabatlap ýüwürtmek gadym döwürlerden bäri dowam edip gelýän däpdir. Dokma ýagşy niýet bilen gowy dilegler edilip, ýüwürdilip başlanýar.

   
Gadymy usulda haly ýüwürtmek üçin keseleriň üstünden eriş ýüwürtmeli aralyklar ölçenilip, deňlenýär. Mäşirikleriň ujy kese agaja ölçerip belgilenen ýere pugta daňylýar. Ýüwürdip gatnatmak üçin olary yrym edip, diňe gyzlaryň eline berýärler. Olar çalasynlyk bilen mäşirigi agajyň aşagyndan geçirip, öwrüp, tizlik bilen ikinjiniň hem aşagyndan geçirip, öwrüp, tertipde ýüwürdimi soňuna çenli dowam edýärler. Erişler çapraz geçirilýär. Mäşirik ýüwürdýän gyzlara ýüwürdip bolýançalar, däbe görä, otyrmaga rugsat berilmeýär. Yryma görä, ýüwürdilip durka otyrylsa, halynyň göwresi-süňňi gowşak tutulýamyş.

  
Gelin-gyzlar erişleri sagyp (çekip), kese agaja endigan ýerleşdirýärler. Halynyň gyrasynyň 2-3 santimetrinde erişler gür goýulýar. Bu haly dokalanda yza gaýtamzlygy üçin peýdalydyr. Gyra erişleriniň gowşamazlygy üçin peýdalydyr. Gyra erişleriniň gowşamazlygy üçin her gyranyň 10 sm. Ýerindäki erişleri gatyrak çekilip ýüwürdilýär. Halynyň her 10 santietirinde azyndan 40-41 eriş bolýar. Has inçe halylarda 48 erşe çenli ýetýär. Palas ýüwürdilişi halynyňkydan tapawutlanýar. Onda erişler seýrek goýulýar we ýüplükler halynyňkydan ýogyn bolýar. Haly ýüwürtmek has inçeligi we ezberligi talap edýär.  
 Dokma ýüwürdilip bolansoň, erişleriň arasyndan darty agajy geçirilýär. Soňra erişler küji agajynyň kömegi bilen endigan küjükenýär. Haly we palasy dokamakda darty we küji agaçlary esasy serişdeler hasaplanýar. Olar aşaky erişleri ýokaryk, ýokarkylaram aşak hereketlendirmäge ýardam edýär.  

   
Haly dokmaçylygynda dokmadarak, synny, keser, temen ýaly gurallar peýdalanylýar. Palasda goşmaça diňe dokmadaragy ulanylýar. Dokmadarak-ujy 5-6sm. Ölçegde demirdişli, agaç saply, diş-diş gural bolup, ol hala çitilen çitimleriň arasyndan geçýän argajyň, palasda bolsa nagyş we agraç ýüpleriniň ýerine barmagy üçin kakylyp ulanylýan guraldyr. Dokamyň daragy ýetirilende çitimler we argaçlar ýerli ýerine beryp,  önümiň sykylygy gazanylýar.

 
  Keser (ýa-da keser pyçak )- ýiti tygly, agaç syply demir gural bolup, ol, takmynan, 6-9sm. uzynlykda, endigan egreldilen ýasy pyçak görnüşlidir. Halyçy ony üç barmagy bilen eliniň aýasyna gysyp, çalasyn hereket bilen erşiň daşyna oraýan ýüpini kesmek üçin ulanýar. Synnyny bolsa çitilip, baslyk kakylansoň, halynyň ýüzini endigan bolar ýaly artykmaç ýüpler gyrkylyp ýa-da gyrlyp aýrylanda ulanylýar.

  
Kilimler iki tarapy hem meňzeş we bir tarapy tekiz, beýleki tarapynda ýüplükleri çykyp duran görnüşinde dokalýar.Iki tarapy hem birmeňzeş kilimi dokamagyň birnaçe usullary bardyr. Ony dokamak üçin reňkli argaçlar ulanylyp, erişleriň arasyndan geçirmek esasynda ýerine ýetirilýär. Nagşyň reňkleri çalşanda yşlar emele gelmez ýaly, dokmaçylar ýüplükleri biri- biriniň arasyndan geçirýärler ýa-da göni däl-de, gyýak görnüşli nagyşlary salýarlar. Geçirilen argaçlar dokmadaragy bilen kakylýar. Öýdelip, argaç geçirilende-de darak bilen berk kakylýandygy sebäpli ähli sütüksiz halylara kakma hem diýilýär.

  
Türkmenlerde haly dokamagyň tärleri köpdürliligi bilen tapawutlanýar. Halynyň sütüklerini emele getirmek üçin dokmaçylar iki görnüşli çitim peýdalanýarlar. Olar: ýara we düwe çitimlerdir. Ýarada çitim bir erşiň arasyndan aýlanyp , beýleki erişdenem geçirilip düwülýär. Bu çitim ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň ýaýran. Ýöne ýüplükleri erişleriň arasyndan geçirmekde tapawutlary bar. Arheolog S.I.Rudenko Pazyryk halysynyň düwme, Başadyr halysynyň bolsa ýara çitilendigini ýazýar. Bu gadymy usullaryň ikisiniňem häzirki günlere çenli türkmen dokmaçylary tarapyndan dowam etdirilmegi halyçylyk sungatynyň ata – babalarymyz tarapyndan nesilden- nesle geçirilip gelinýändigine şaýatlyk edýär.

Prepared by Nurjahan Orazgylyjova International University for the humanities and development