Astanababa aramgähi: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Akmuhammet Ödebaýew.
Content deleted Content added
New page: ASTANABABA TÜRBESI (XII-XVII asyrlar) Ýerli ilat kä ony Astanababa mazary diýip, kä bolsa iki dogan Zeýdaly we Zuweýdalynyň hem-de olaryň aýallarynyň - Gyzlarbibi mawzoleýi di...
(Tapawut ýok)

21:30, 3 fewral 2007 senesindäki wersiýa

ASTANABABA TÜRBESI (XII-XVII asyrlar)

Ýerli ilat kä ony Astanababa mazary diýip, kä bolsa iki dogan Zeýdaly we Zuweýdalynyň hem-de olaryň aýallarynyň - Gyzlarbibi mawzoleýi diýip hem atlandyrýarlar. Bu mazar hakynda birnäçe rowaýatlar bolup, olaryň birinde şeýle diýilýär : “400 ýyl mundan ozal Balhyň hökümdary ibn Aly Nur ogly Zuweýdanyň ýerli dolandyryja äre berlen ýalňyz gyzy aradan çykypdyr. Muňa gynanan kakasy gyzy üçin mawzoleý gurmagy buýruk beripdir we Marydan hem-de Samarkantdan oňat ussalary çagyrdypdyr. Emma gurlup gutaran badyna mawzoleý ýykylypdyr. Ýene täzeden gurlan jaý şonuň ýaly bolup ýykylypdyr we üç gezek şeýle bolupdyr. Bu ýagdaýa gary gamgyn bolan Nur oglunyň düýşünde bir goja giripdir we ol mawzoleýi Mekgeden getirilen toýun bilen suwdan garyp gurmagy maslahat beripdir. Gyzyň gamgynlykdan halas bolmadyk kakasy şeýle hem edipdir. Palçygy Mekgeden getirilen gumdan edipdirler, suwy bolsa getirip bir guýa guýup goýupdyrlar we palçyk etmek üçin suwy şondan alypdyrlar. Şeýlelik bilen mawzoleý gurlupdyr we Nur ogly ölende ony hem şol mawzoleýde, gyzynyň mazary bilen goňşulykda jaýlapdyrlar” Astanababa türbesi birnäçe bölekden ybaratdyr. Ol açyk dälizden, howlujykdan, peştagdan, ýapyk dälizden, dört pilonly zaldan, metjitden, Zeýdalynyň we Züweýdalynyň guburhanasyndan, diwanhanadan we Gyzlarbibi mawzoleýi bilen birikdirýän insiz dälizden ybarat. Ansamblyň iň gadymy bölegi metjitdir we ony XII asyr bilen senelemek bolar. Diwanhana hem metjit bilen bir wagtda gurlupdyr. Gyzlarbibi mazoleýi ansamblyň has giçki bölegidir, ol dürli ölçegdäki ähtimal ikinji gezek peýdalanylýan kerpiçlerden (XIX asyrda) bina edilipdir.