Türkmen tahýasy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
New page: 300px|right|thumb|Turkmen tahyasy Türkmen tahýasynyň taryhy barada gynansagam bizde anyk maglumat ýok. Emma „türkmenem bar, tahýa-da bar“ bolmagy m...
 
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
[[Image:Turkmen_tahyasy.jpg|300px|right|thumb|Turkmen tahyasy]]
'''Türkmen tahýasynyň''' taryhy barada gynansagam bizde anyk maglumat ýok. Emma „türkmenem bar, tahýa-da bar“ bolmagy mümkin. Çünki dünýäniň kellä geýilýän gaplarynyň arasynda biçüwi, esasanam bezegi, keşdelenilişi boýunça türkmen tahýasyna meňzeýänine duşmadyk. Aýratynam erkek kişileriň geýýän akgaýma tahýalarynyň biçüwi özboluşlydyr. Tahýalarymyzyň gadymydygyny oňa salnan nagyşlaryň gadymylygy görkezýär. Örän gadymydygy jedelsiz bolan Türkmen halysynyň tahýalarymyz bilen köküniň birdigine göz ýetirmek kyn däl. Mysal üçin, edil halylardaky ýaly tahýalaryň düşegi bir — gyzyl reňkdedir. Halynyň esasy bezelişinde merkezi bolup durýan göl dörde bölünýär. Edil şonuň ýaly tahýanyň merkezi — depesi hem nagyşlananda ilki dörde bölünýär. Halyda-da, tahýada-da „gülýaýdy“ nagyşyna uly orun berilýär. Aýratynam türkmeniň gülli keçesinde goçuň şahyna meňzeş nagyşlar giňden ulanylýar. Akgaýma tahýanyň hem depesinde ýerleşdirilen nagyşlar özbaşdak alsaň goçuň şahynyň şekilini emele getirýär. Türkmenleriň erkek kişilere aýdýan “goç ogul”, “gerçek goç ýigit” diýen sözlerini ýatlalyň. Mertligi, merdanalygy, gaýduwsyzlygy aňladýan bu sözleriň şekil aňlatmasy erkek oglanlaryň, erkek kişileriň kelle gabynda ýerleşdirilmesinde many bar bolsa gerek. Nagşa many bermek ýörelgesiniň edil halydaky ýaly tahýada-da bolmagy olaryň bir döwürde, bir milletiň wekilleri tarapyndan döredilendigine şaýatlyk edýär.
 
Tahýanyň taryhyny has çuň öwrenmek meselesini alymlarymyza goýup, onuň manysy hakynda pikir alşalyň. Medeniýetliligi görkezýär diýip höwes bilen dakynylýan galstuklar ýaly tahýaly oglan kellaçyklygyndakydan tapawutly görünýär. Ilkinji nobatda tahýa oglany edepli görkezýär. Tahýa geýip ulalan adam oglanlykdan kellesindäki tahýa sebäpli ünsli bolmagy öwrenýär. Ol tahýasyny gaçyrmajak bolýar. Ony ýitirmezlige çalyşýar. Tahýasyny gyşyk geýmejek bolup geýnişine üns berýär. Eneler tahýadaky nagyşlary düşündirip, ogluna “goç ogul bolduň” diýmegi onda tahýasyna bolan buýsanjyny artdyrýar, sähel büdräp ýykylany üçin aglap ýörmez ýaly mertleşdirýär, çydamlylygyny ösdürýär. Şeýle sünnälenip, iş edilip tikilen hem-de özünde çuň manylary göterýän tahýany geýenden soň oglan özüni uly adam ýaly alyp barmaga çalyşýar. Edebi artýar, kelpeňlik etmejek bolýar, sylag-hormatyň nämedigine düşünip ugraýar… Edepde gyz tahýasynyň ähmiýeti hem oglan tahýasynyňkydan az däldir.