Hüwdüler: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
New page: Hüwdiler çagalary rahatlandyrmak, uklatmak üçin aýdylýan çeper bentlerdir. Olarda ýaşajyk çaganyň geljekde oňat adam bolup ýetişmegini arzuw edýän süýji-süýji islegler,...
(Tapawut ýok)

00:30, 29 sentýabr 2007 senesindäki wersiýa

Hüwdiler çagalary rahatlandyrmak, uklatmak üçin aýdylýan çeper bentlerdir. Olarda ýaşajyk çaganyň geljekde oňat adam bolup ýetişmegini arzuw edýän süýji-süýji islegler, guwanç hem begenç beýan edilýär.
Irki döwürlerde döredilen hüwdülerde ýaş çaga at dakylanda adamkärçilik, gahrymançylyk, ynsansöyüjilik ýaly arzuwlar edilipdir. Kiçijik gyzlaryň bolsa eli hünärli, görk-görmekli, şirin dilli bolmagy islenilipdir.
Täze hüwdülerde çaga okuwa, aň-bilime, erkin zähmete, asylly terbiýä çagyrýalar. Hüwdüleriň düzülişi lälelere menzeşdir.


Aýlar gyzym almaly
Aýda dokar bir haly
Halysynyň kenary
On barmagynyň hünäri. Huwwa-huw

Allaý-allaý adaga,
Guşlar gonar pudaga
Pudakdaky gyzyl gül
Şu balama sadaga