Läleler: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Läleler gelin gyzlaryn göwün nygmasy
Content deleted Content added
New page: Läleler gelin-gyzlaryň aýratyn heň bilen aýdylýan goşgulardyr. Olar köplenç ýedi bogunly, dört setirli bolýarlar. Läleler aýdylanda her bentden soň "haý, lä-le, haä, lä-...
(Tapawut ýok)

14:00, 29 sentýabr 2007 senesindäki wersiýa

Läleler gelin-gyzlaryň aýratyn heň bilen aýdylýan goşgulardyr. Olar köplenç ýedi bogunly, dört setirli bolýarlar. Läleler aýdylanda her bentden soň "haý, lä-le, haä, lä-le" diýen bogunlary gaýtalanýar. Läleler özära - damak läle, eňek läle, dodak lälesi ýaly bölümlere bölünýärler. Läleler döreýişleri taýdan birnäçe topara bölünýärler. öňki lälelerde gelin-gyzlaryň gözgyny, agyr durmuşlary, isleg-arzuwlary beýan edilipdir.

Gara maňlaýdyr başym On üç, on dörtdür ýaşym Altmyş ýaşla çatdylar Kakladylar bu laşim

diýen lälede ýaş gyzyň özünden dört-bäş esse uly adama satylandygy, gül ömrüniň kül bolandygy hakyndaky ahy-nalasy suratlandyrylýar. Olar gamgyn äheňde düzülipdir.