Horhe Luis Borhes: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Sahypa döretdi, mazmuny: ''''Horhe Luis Borhes''' (1899-1986) XX asyr dünýä edebiýatynyň iň beýik ýazyjylarynyň biri hasaplanýan argentin kyssaçy-şahyry Horhe Luis Borhes 1899-njy...'
 
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 4:
 
XX asyr dünýä edebiýatynyň iň beýik ýazyjylarynyň biri hasaplanýan argentin kyssaçy-şahyry Horhe Luis Borhes 1899-njy ýylyň 24-nji awgustynda, Buenos-Aýresde dünýä inýär. Özüniň aýtmagyna görä, ýazyjynyň damarynda ispan, irland, portugal, bask, andaluz, ýewreý, iňlis, norman ganlary aýlanýar. Borhesiň atasy-da ýazyjy eken, emma gözi gapylanyndan soň ol hiç zat döredip bilmändir. Şonuň üçin kiçijik Horhe onuň kesbini dowam etmek kararyna gelipdir.
 
Geljekki ýazyjy eýýäm alty ýaşynda goşgy ýazyp ugraýar. On ýaşyndaka Oskar Uaýldyň “Bagtly şazada” ertekisini terjime edýär(bu terjimesi “Pais” gazetinde çap edilipdir).
 
1914-nji ýylda Borhesiň maşgalasy Ýewropa dynç almaga gidýär, emma Birinji Jahan urşy sebäpli, olaryň Argentina gaýtmaklygy agyrlaşýar. 1919-njy ýylyň 31-nji dekabrynda ispan žurnaly “Gresiýada” Borhesiň ilkinji goşgusy çap edilýär. 1921-nji ýylda Argentina dolanyp baranyndan soň, goşgulary bilen häli-şindi çykyş edip ugraýar. Eýýäm şu irki eserlerinde ýazyjynyň hemmetaraplaýyn ylymly, pelsepeçi, söz ussady bolandygyna, awangardizme ýykgyn edendigine göz ýetirýärsiň. Bu döwrüň şygyrlarynyň aglabasy ultraizm akymynyň däbinde döredilipdir. Emma wagtyň geçmegi bilen Borhes şygryýeti goýup, “hyýaly” kyssalar döredip başlaýar.Onuň iň ajaýyp hekaýalarynyň köpüsi “Toslamalar” (1944), “Alef” (1949), “Labirintler” (1960) we “Broudiniň habary” (1971) ýygyndylaryna girizilendir.