Türkiýe: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
uj robot goşdy: zu:ITheki
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 95:
== Kinosy ==
 
Türkiýäniň kinematografiýasynda ilkinji kino [[1914]]-nji ýylda surata düşürildi. Şol döwürde Fuat Uzkynaý "Aýastefanosdaky rus ýadygärliginiň ýykylmagy" atly filmi surata düşüripdi. [[1914]]-[[2006]]-njy ýyllar aralygynda 4827 sany serial we film surata" düşürildi. Metin Erksanyň režissýorlygynda "Suwsuz ýaz" atly reňksiz film [[1964]]-nji ýylda halkara Berlin kinofestiwalynda "Altyn aý" baýragyna mynasyp boldy. [[1970]]-nji ýylda "YeşilçamÝeşilçam" kino industriýasy ýurduň kinematografiýasyna uly goşant goşdy. Türkan Şoraý, Filiz Akyn, Ýylmaz Güney. Kadir Inanyr, Ediz Hun ýaly kino ussatlary öz filmleri bilen türk tomaşaçylarynyň söýgüsini gazandy.
Häzirki ýyllarda-da kino industriýasy çalt depginlerde ösýär. Iň köp tomaşa edilýän filmler: "GORA", "Dondurmam Gaýmak", "Gurtlar jülgesi", "Atam we oglum".
 
Setir 102:
Türkiýede sporta uly üns berilýär. Ýurtda sportuň iň gowy görülýän görnüşleriniň biri hem [[Futbol|futboldyr]]. Türkiýäniň futbol boýunça milli ýygyndysy hem bu ugurda uly üstünliklere eýe boldy. [[2002]]-nji ýylda geçirilen dünýä futbol çempionatynda Türkiýäniň milli ýygyndysy hormatly üçünji ýere mynasyp boldy. Şeýle hem [[2000]]-nji ýylda [[Belgiýa]] bilen [[Gollandiýa|Gollandiýanyň]] bilelikde gurnan Ýewropa futbol çempionatynda bolsa ýygyndy topar altynjy orny eýeledi;
 
Türkiýäniň birinji futbol ligasynda çykyş edýän "GalatasarayGalatasaraý" futbol topary [[1999]]-[[2000]]-nji ýylda UEFA-nyň kubogynyň finalynda Angliýanyň "Arsenal" toparyndan üstün çykyp, bu kuboga eýe bolan ilkinji türk toparydyr. Şol ýyl ol Ýewropanyň "Süper kubogyny" eýeläp, dünýädäki iň meşhur futbol toparlarynyň hataryna goşuldy. Bu toparyň düzüminde çykyş edýän Hakan Şüküri hem-de häzirki wagtda-da Ýewropanyň güýçli toparlarynda oýnaýan Tunjaý Şanlyny we Nihat Kahwejini köp sanly futbol janköýerleri tanaýar.
 
== Şäherler ==