Abdylhekim Gulmuhammedow: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 22:
 
Şonuň üçinem 1932-nji ýylyň başynda “hamana Abdylhekim Gulmuhammedow Eýrana gaçyp geçjek bolanda, serhetçileriň eline düşmekden howatyr edip, öz şahsy sapançasyndan özüni atyp öldürdi“ diýip, metbugat arkaly ýalan habar ýaýradypdyrlar.
[[Faýl:Taley tupany kitap.jpg|thumb|400px]]
 
Ol öz ideýasy üçin basmaçylara goşulyp, Gyzyl goşuna garşy göreşmekdenem çekinmändir. Abdylhekim Gulmuhammedow Türkmenistanda ilkinji sowat ýaýradyjylaryň hem döwlet ýolbaşçylarynyň biri bolupdyr. Emma Sowet döwründe ony halkyň duşmany hökmünde görkezmäge ýykgyn etdiler.
 
Garaşsyzlygymyzyň başky ýyllarynda Abdylhekim Gulmuhammedow hakynda metbugatda ýazylyp başlandy. 1996-njy ýylda alym Myratgeldi Söýegow Abdylhekim Gulmuhammedowyň pajygaly, ýöne halkyna bagyş eden manyly ömri hakynda „Täleý tupany“ ady bilen çaklaňja kitap çap etdirdi.etdir
 
 
 
Abdylhekim Gulmuhammedow türkmen halkynyň, galyberse-de, tutuş Orta Aziýa halklarynyň kolonial baknalykdan azat bolmagy üçin mümkinçiliginiň çäginde, zerur bolsa eli ýaragly göreşen adamdyr. Hatda 1923-nji ýylda Moskwada çykýan “Nowyý Wostok” žurnalynda ol hakda ýazylan makalada ony "türkmeniň hakyky intelligent ogly" diýip atlandyrypdyrlar.