Gomer: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
EmausBot (gürleşme | goşantlar)
uj r2.7.2+) (robot üýtgetdi: vi:Hómēros
Xqbot (gürleşme | goşantlar)
uj r2.7.3) (robot goşdy: xmf:ჰომეროსი; kosmetik üýtgeşme
Setir 1:
[[FileFaýl:Homer British Museum.jpg|thumb|200px]]
 
'''Gomer'''
Setir 12:
Has irki döwürlerde Gomeri kör hasap edipdirler. Emma bu maglumat şübheli hasaplanýar. Şu ýerde adamzadyň ýene-de bir geň aýratynlygy barada aýdyp geçmäge esas bar, ýagny antik döwürde dana, akyldar, şahyr adamlar, köplenç, kör edilip şekillendiriler eken.
 
«Gomer» sözüniň manysyny käbir alym «gul», käsi «kör», käbiri-de «şahyr» diýip terjime edýär. Ýöne ioniýa şiwesinde «Omirus» görnüşde aýdylýan bu sözüň adaty adam ady hökmünde ulanylan bolmagy-da ähtimal. Gadymy grekleriň özleri-de ýazyjynyň adyny birinji bogna, ýagny, «o» harpyna bat berip ulansalar-da, biziň döwrümizde bu at bütin dünýäde latyn dilinde bolşy ýaly, ikinji bogna bat berlip aýdylýan «Gome:r» görnüşinde bellidir.
 
Eposlaryň döreýşi babatda edebiýat dünýäsinde birnäçe asyr bäri jedel dowam edýär. Nemes alymy Fridrih Wolfuň pikirine görä, bular ýaly uly eserleriň heniz ýazuwyň oýlanyp tapylmadyk döwründe ýüze çykmagy mümkin däl. Olar dürli döwürlerde dürli şahyrlar tarapyndan döredilip, dilden-dile geçip, Pisistrat döwründe, ýagny miladydan öňki VII asyrda bitewi eser görnüşde jemlenilip ýazylyp alnan aýry-aýry eserlerden ybarat bolmaly. Bu alymyň tarapdarlaryna «analitikler» (grekçe «analysis» ― parçalara bölmek) diýilýär. Olaryň garşydaşlary, «unitariler» (latynça «unitas» ― bitewülik) bolsa, eposlaryň diňe ýeke-täk ýazarynyň bolandygyny subut etmek üçin, eserleriň bir bitewüligine, beýan ediş aýratynlygyna salgylanýar. Unitarileriň arasynda Gýote, Foss, Şiller, Gegel, Puşkin, Žukowskiý, Gnediç we beýleki beýik ýazyjy-şahyrlar we alymlar bar.
 
«[[Iliada]]» we «[[Odisseýa]]» epiki poemalar gekzametr şygyr usulynda ýazylan we her biri ýigrimi dört aýdymdan (bölümden) ybarat eserdir.
Setir 26:
«Odisseýa» epiki poemasynda bolsa «Iliadanyň» esasy gahrymanlarynyň biri, Itakanyň hökümdary, mekirligi, ugurtapyjylygy we gaýduwsyzlygy bilen özüni tanadan Odisseýiň Troýa urşundan soň watanyna dolanyp barýarka başyndan geçirýän wakalary hem-de onuň Itakada garaşýan aýaly Penelopanyň gören hupbatlary suratlandyrylýar. Eseriň esasy wakalary Odisseýiň öz adyndan gürrüň berilýar. «Odisseýa» eposy-da gekzametr ölçegi bilen ýazylan.
 
Tanymal rus kinorežissýory A. Mihalkow ― Konçalowskiniň 1997-nji ýylda surata düşüren çeper telewizion filmi örän köp adama «Odisseýanyň» özüne çekiji wakalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. «Iliada» eposy esasynda bolsa «Troýa» atly belli film surata düşürildi we dünýäniň ähli künjeklerinde ýaşlaryň söýgüsini gazandy. Gomeriň beýik eserleri bu gün bütin dünýäde dürli derejeli mekdepleriň okuw meýilnamalaryna goşuldy, ýöne okuwçylaryň we talyplaryň köpüsi 15700 setirden ybarat «Iliadany» we ondan sähelçe gysga «Odisseýany» okamaga ýaltanyp, agzalan filmleri görüp oňaýýar. Ýöne «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýlişi ýaly, olar bu ajaýyp eserleri okanlara miýesser bolan ýatdan çykmajak lezzetden özleriniň mahrum bolýandygyny bilmeýän bolsalar gerek.
Bu poemalardan başga Gomer birnäçe gimniň we «Margit» poemasynyň hem ýazary hasaplanýardy. Emma alymlaryň köpüsi bu eserler has soň döräpdir diýen takyk netijä gelenden soň, bu mesele öz çözgüdini tapdy.
 
Setir 160:
[[vo:Homeros]]
[[war:Homeros]]
[[xmf:ჰომეროსი]]
[[yi:האמעראס]]
[[yo:Homer]]