Mihail Ýurýewiç Lermontow: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
Görnükli rus şahyry '''Mihail Ýurýewiç Lermontow''' [[1814]]-nji ýylda [[Moskwa|Moskwada]] dünýä inýär. Ol ene-atasyndan ir mahrum bolup, mamasynyň elinde terbiýelenýär. Şahyryň çagalygy mamasynyň mülki bolan Tarhany obasynda geçýär.</p>
<p>Mihail Lermontow [[rus edebiýaty]]nda [[Aleksandr Sergeýewiç Puşkin|Puşkiniň]] däplerini dowam etdirýär. Halypasynyň köpsanly çeperçilik ýörelgelerini ösdürmek bilen, ol rus jemgyýetçilik aňynyň täze bir ýagdaýynyň beýan edijisine öwrülýär. Bu bolsa onuň şygryýetiniň çuňňur özboluşlylygyny üpjün edýär. Ol rus şygryýetine pikiri beýan etmek babatda öň görlüp-eşidilmedik güýje eýe bolan setirleri sowgat edýär.</p>
<p>Mihail Lermontow rus kyssasyna hem önjeýli goşant goşýar. Onuň “Biziň döwrümiziň gahrymany” romany (1840 ý.) realizmiň dabaralanmagy hökmünde, belli bir derejede rus edebiýatynyň geljekki ösüş ugruny kesgitledi.</p>
<p>Mihail Lermontow 1841-nji ýylda, 27 ýaşynda aradan çykýar.</p>