İkinji Jahan Urşy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut
Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok |
174000 wersiýasy 94.218.49.214 (Çekişme) tarapyndan yzyna alyndy. |
||
Setir 1:
Mowzuk: Ikinji jahan urşy. 1939-1945ý.ý
Meýilnama:
▲1. Ikinji jahan urşunyň başlanmagynyň sebäpleri, Urşuň häsiýeti.
▲2. Faşistik Germaniýanyň basybalyjylyk hereketleriniň güýçlenmegi.
▲3. Germaniýa garşy harby bileleşigiň döredilmegi.
Birinji jahan urşunyň jemini jemlän Wersal-Waşington şertnamalar ulgamynyň diňe ýeňen döwletleriň bähbitlerini göz öňünde tutmagy netijesinde, ýeňilenleriň özlerini kemsidilenler hasaplamagy, ahmyrçyl faşistleriň göreş meýdançasyna çykmagyna getirdi. Germaniýada faşistleriň häkimiýet başyna gelmegi bilen uruş taglymaty döwlet syýasatyna öwrüldi.
Line 23 ⟶ 14:
Germaniýanyň Polşanyň üstüne çozmagy. Urşuň başlanmagy.
1939-njy ýylyň 1-nji
Polşanyň halky gowy ýaraglanan we san taýdan agdyk bolan german basybalyjylaryna garşy, ýurdunyň garaşsyzlygy ugrunda gahrymanlarça göreşdiler. Güýçleriň deň däldigi sebäpli iki hepde-de 12-nji Ruhnama aýyna çenli polýak goşunlarynyň guramaçylykly garşylygy bes edildi. 16-njy Ruhnama aýynda Polşanyň paýtagty-Warşawa german goşunlary tarapyndan gabaldy.
Line 32 ⟶ 23:
Beýik Britaniýa we Fransiýa Germaniýa garşy resmi uruş yglan etselerde hiç-hili harby hereketleri alyp barmadylar. Olar Germaniýanyň SSSR-iň üstüne çozmagyna entegem bil baglaýardylar. Olar Germaniýa bilen gepleşikler ýoly bilen ylalaşmak isleýärdiler. Olaryň Germaniýa garşy uruş yglan edip, urşa iş ýüzünde goşulmazlygy “geň uruş” ady bilen taryha girdi. Emma Germaniýa Beýik Britaniýa we Fransiýanyň döwlet baştutanlarynyň pikiriniň tersine Polşany basyp alandan soňra, gyssagly ýagdaýda esasy harby güýçleri Günbatara geçirip başlady.
1939-njy ýylyň 30-njy
Sowet harby ýolbaşçylarynyň pikiriçe fin urşy 2-3 hepde dowam etmelidi. Emma uruş 105 gün dowam etdi. Deňeşdirme üçin ýekeje mysala ýüzleneliň: Germaniýa Günbatar we merkezi Ýewropa ýurtlaryny basyp alanda jemi kyrk ýarym müň esgerini ýitirdi.
1940-nji ýylyň 12-nji
Sowet-german ylalaşyklaryna bil baglap, SSSR Latwiýa, Litwa, Estoniýa döwletlerine zor salyp başlady. Pribaltika ýurtlaryndaky Sowet goşun bölümleriniň sany artdyryldy. Gyzyl Goşunyň girizilmegi we SSSR-iň zor salmagy bilen Pribaltika döwletleriniň baştutanlary häkimiýetden çetleşdirildi. Bu ýurtlarda häkimiýet başyna kommunistler getirildi. Bu wakalara “rewolýusiýa”diýip atlandyryp, bir aýdan soňra -1940 –nji ýylyň gorkut Alp-Arslan aýlarynda olar SSSR-iň düzümine “meýletin”girdiler. Emma iş ýüzünde SSSR ol ýurtlary basyp alypdy. Garşylyk görkezen pribaltikaly watançylar rehimsizlik bilen jezalandyrylypdy.
1940-nji ýylyň 26-njy
SSSR Germaniýa bilen gizlin ylalaşyklarda ozone berlen Gündogar Ýewropa ýerlerini basyp almagyny tamamlaýar.
Line 52 ⟶ 44:
Norwegiýada german goşunlary güýçli garşylyga duçar bolandygyna garamazdan 50 günüň dowamynda ol basylyp alyndy. Beýik Britaniýa we Fransiýanyň Norwegiýa ýollan goşun bölümi-de derbi-dagyn edildi.
1940-nji ýylyň 10-njy
Uinston Çerçill (1874U-1965ý.ý). Ejesi amerikan bolan Uinston abraýly iňlis maşgalasyndan gelip çykypdyr. Ilki öýünde, soňra Askot we herroudaky ýapyk mekdeplerde bilim alypdyr. Iňlis harbylaryny taýýarlaýan abraýly okuw jaýyny – Sandherstdäki harby uçilişäni tamamlaýar we harby gullukçy bolup işe başlaýar. Dessine syýasata baş goşýar. 1900-nji ýylda parlamente saýlanýar. Onda žurnalistik we dilewarlyk talanty güýçli bolupdyr. Ol hatda romanam ýazypdyr. Şonuň üçin 1953-nji ýylda oňa edebiýat boýunça Nobel baýragynyň berilmegini geň görüp oturasy iş ýok. Beýik Britaniýanyň premýer-ministrligine saýlanýança ol deňiz, harby, maliýe ministrleriniň kürselerini eýeläpdi. Çerçil basybalyjyny “köşeşdirmek” syýasatyna garşy Beýik Britaniýanyň harby kuwwatyny artdyrmagyň tarapdarydy.
Germaniýanyň harby güýçlerine garşy uzak goranyp bilmän 14-nji
▲Germaniýanyň harby güýçlerine garşy uzak goranyp bilmän 14-nji may aýynda Gollandiýa, 28-nji Magtymguly aýynda Belgiýa uruşda ýeňilendiklerini boýun aldylar. Fransiýanyň demirgazygynda 340 müň adamly iňlis-fransuz goşunynyň daşy gabalyp, esgerleriň bir bölegi wepat boldy, galany Beýik Britaniýa gaçmagy başardy. Italiýa Germaniýanyň tarapynda durup, Beýik Britaniýa we Fransiýa garşy urşa goşuldy.
Fransiýanyň goşuny Germaniýa düýpli garşylyk görkezmegi başarmady. Ähli iri söweşlerde fransuzlar ýeňildiler. 1940-njy ýylyň 14-nji
Fransuz halkynyň faşistlere garşy göreşine Beýik Britaniýada ýerleşen general Şarl de Golluň ýolbaşçylygyndaky “Azat Fransiýa” atly watançy gurama ýolbaşçylyk edýärdi.
|