Bill Geýts: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut
Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok |
Gysgaça mazmuny ýok |
||
Setir 9:
Bil 13 ýaşyndaka özüniň ilkinji programmasyny – BASIC programmasynyň dilinde “Atanak nolluk” atly oýnuny ýazypdyr. Bill Geýts 1973-nji ýylda Pol Allen bilen hyzmatdaşlyk eden ýeri Garward uniwersitetinde okamaga başlapdyr. Geýts we Allen “MITS Altair” (ilkinji mikrokompýuter) üçin esas bolan “BASIC” diliniň nusgasyny programmalaşdyrmagyň üstünde işläpdirler. Ol “Microsoft Corporation” atly dünýäde kompýuterleri programma bilen üpjün ediji iri şereketi ýola goýmaga girişmek üçin Garward uniwersitetini taşlamaly bolýar.
Bütin dünýäniň adamlary we kärhanalary öz mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaklary üçin ”Microsoft” öz missiýasyna başlaýar. Bil Geýts we onuň hyzmatdaşy Pol Allen Garwarddan gaýdandan soňra, kompýuter senagatyna özgerişlik getiripdirler. Geýts her bir ofis stolunda we her bir öýde kompýuter bolmagyny ileri tutupdyr.
|