Azarbeýjan: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut
Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok |
Gysgaça mazmuny ýok |
||
Setir 49:
|}
Azerbaýjan Respublikasy Günorta Kawkazyň gündogar böleginde, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýär. Ol günortada [[Eýran]], günbatarda [[Türkiýe]] we [[Ermenistan]], demirgazykda [[Russiýa]] we [[Gruziýa]] bilen araçäkleşýär. Ýurdun kenarýaka uzynlygy 713 kilometre barabardyr.
Azerbaýjan - gadymy medeniýetiň we däp-dessurlaryň ýurdy hasaplanýar. Taryhyň dürli döwürlerinde bu ýerlere ornaşan oguz taýpalary ýerli ilat bilen uýgunlaşyp, olaryň medeniýetini baýlaşdyrypdyrlar. Azerbaýjan köp sanly pelsepeçileriň, alymlaryň, şahyrlaryň, heýkeltaraşlaryň, sazandalaryň we suratkeşleriň dörän mekanydyr. Bu ýerde Nizami Genjewi, Hagani Şirwani, Bahmanýar, Fizuli, Nasreddin Tusi, Şah ismail Hatai, Molla Panah Wagif, A. Beki-hanow, M.F. Ahundow, M.A. Sabir, J. Mamedgulizade, Guseýn Jawid, J. Jabbarly, Samed Wurgun, Aliaga Wahid we Resul Ryza ýaly alymlar, şahyrlar ýaşap geçipdirler.
Azerbaýjanyň ylym we biliminin hem köp asyrlyk taryhy bar. 1919-njy ýylda açylan Baku Döwlet uniwersiteti, 1945-nji ýylda döredilen Azerbaýjanyň Ylymlar akademiýasy ýurtda ylmyň, medenieýtiň we bilimiň ösüşine iňňän uly goşant goşdy. Onlarça ýokary okuw mekdepleri we tehnikumlar, müňlerçe mekdep, kollej we liseýler häzirki Azerbaýjanyň bilim ulgamyny düzýär.
|