Gyrgyzystan: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Addbot (gürleşme | goşantlar)
uj Bot: Migrating 175 interwiki links, now provided by Wikidata on d:q813 (translate me)
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 50:
 
'''Gyrgyzystan''', bir [[döwlet]] [[Aziýa]]'da.
 
1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda garaşsyzlygyny gazanan Gyrgyzystan demirgazykda [[Gazagystan]], günbatarda [[Özbegistan]], günortada [[Täjigistan]], günorta-gündogarda [[Hytaý]] bilen serhetleşýändir.<br />
Döwletiň tutýan meýdany 198 500 inedördül kilometr bolup, 2008-nji ýyldaky maglumatlara görä ilaty 5 356 869-dir. Ilatyň 64,9 % gyrgyzlar, 13,8%, özbekler, 12,5% ruslardyr.
 
Gyrgyzystanyň topraklarynyň 65%-ini [[Týan-şan daglary]] tutýandyr. Bu döwletde ýerleşýän [[Yssyk-köl]] dünýäde ululygy boýunça Titikakadan soňra ikinji dag kölüdir.
 
Gyrgyzystanyň esasy şäherleri we welaýatlary: [[Bişkek]] ('''öňki ady Frunze'''), [[Batken]] (merkezi Batken), [[Çu]] (merkezi Tokmok), [[Jelal-abad]] (merkezi Jelal-abad), [[Naryn]] (merkezi Naryn), [[Oş]] (merkezi Oş), [[Talas]] (merkezi Talas), [[Yssyk-köl]] (merkezi Karakol).
 
Paýtagty [[Bişkek]] bolup, 1825-nji ýylda [[Kokant hanlygy]] tarapyndan Bişkek sebitinde gala hökmünde gurlandyr. Bişkek 1922-nji ýylda Daglyk oblastynyň merkezi, 1924-nji ýylda [[Gyrgyz Awtonom oblasty]]nyň paýtagty bolupdyr. 1926-njy ýylda şäheriň ady '''Frunze''' ([[Bolşewik]] [[serkerde]]si [[M. Frunze]] Bişkekde doglupdyr) diýlip üýtgedilipdir. 1991-nji ýylda şähere taryhy ady gaýtarylyp berlipdir.
2000-nji ýyldan başlap Oş şäheri döwletiň günorta paýtagtydyr.
 
Gyrgyzystanyň milli pul birligi [[som]]dur.
 
<big>Garaşsyz Gyrgyzystanyň içeri we daşary syýasaty</big>
 
Gyrgyzystan 1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda garaşsyzlygyny yglan edipdir. Şol ýylyň 12-nji oktýabrynda [[Askar Akaýew]] saýlaw esasynda Gyrgyzystanyň Prezidentligine saýlanypdyr. 1991-nji ýylyň dekabrynda Gyrgyzystan [[Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy]]na giren şertnama gol çekipdir.Gyrgyzystanyň garaşsyzlygy ilkinji ykrar eden döwlet Türkiýedir (24-nji dekabr 1991).
 
Gyrgyzystanda ilçihana açan ilkinji döwlet [[Amerikanyň Birleşen Ştatlary]]dyr (1992-nji ýýlyň 1-nji fewraly). 28-nji fewralda [[Türkiýe]] [[Bişkek]]de ilçihanasyny açypdyr. Gyrgyzystan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda [[Birleşen Milletler Guramasy]]na kabul edilipdir. 1992-nji ýylda [[Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy]]na, [[UNESCO]], 1996-njy ýyldan başlap [[Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy]]nyň agzasydyr.
 
UNESCO-nyň goldawy bilen Gyrgyzystanda “[[Manas]]” dessanynyň 1000 ýyllygy (1995) we Oş şäheriniň 3000 ýyllygy (2000) ýyllygy bellenilipdir.
Gyrgyzystanyň teklibi bilen 2002-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “[[Daglar ýyly]]” diýlip kabul edilipdir.
 
[[SSSR]]-iň ýykylmagyndan soňra [[Gyrgyzystan Konstitusiýasy]]ny taýyarlamak üçiň ýörite topar düzülip işlenilipdir we 1993-nji ýylyň 5-nji maýynda Gyrgyzystanyň ilkinji Konstitusiýasy yglan edilipdir.
 
1992-nji ýylyň 3-nji martynda [[Gyrgyzystanyň milli baýdagy]] tassyklanylypdyr. Döwletiň gimni şol ýylyň 18-nji dekabrynda, gerbi bolsa 1994-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda kabul edilipdir. 1992-nji ýylda öz milli goşunyny guran Gyrgyzystanyň yaragly güýçleriniň serkerdebaşysy Prezidentdir.
Gyrgyzystanyň resmi dili gyrgyzjadyr. 2001-nji ýylyň 24-nji dekabrynda çykarylan kanun bilen rus dili döwletiň ikinji resmi dili bolupdyr. Häzirki wagtda Gyrgyzystanda ulanylýan elipbiý 1940-njy ýyldan bäri dowam edip gelýän [[Kirill elipbiýi]]dir.
 
Garaşsyzlyk ýyllarynda Gyrgyzystanyň metbugatynda dürli atdaky gazet-žurnallar çap edilýärler. [[Asaba]] (Baýdak), [[Gyrgyz ruhy]], [[Res Publika]], [[Delo No]], [[Aalam]] ýaly hususy gazetler, [[Kut Bilim]] (Kutadgu Bilig) ýaly ýarym resmi gazetler, [[Gyrgyz Tuusu]] (Gyrgyz baýdagy), [[Slowo Kyrgyzystana]], [[Erkin Too]] (Erkin daglar) ýaly resmi gazetler metbugatyň esasy organlarydyr. Şeýle hem Türkiýäniň Zaman gazeti hem çykýandyr.
 
2005-nji ýylda Gyrgyzystandaky parlament saýlawlaryndan soňra [[Kurmanbek Bakiýew]] Prezidentlige saýlandy. 2010-njy ýylyň aprel aýynda [[Talas]]da başlaýan halk gozgalaňynyň netijesinde öňki Daşary işler ministri [[Roza Otunbaýewa]] Gyrgzystanyň Prezidentligine saýlandy.
 
 
 
{{Türk Döwletler}}