Ezop: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Sahypa döretdi, mazmuny: '(latynça – Aisopos, iňlisçe – Aesop, rusça – Эзоп) B.e. öň VI asyrda ýaşap geçen, basnýa žanryny oýlap tapan ýa-da kadalaşdyran ga...'
 
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 2:
 
B.e. öň VI asyrda ýaşap geçen, basnýa žanryny oýlap tapan ýa-da kadalaşdyran gadymy [[grek]] ýazyjysy. Onuň durmuşy barada dürli rowaýatlar bar. Şeýle rowaýatlara görä, Ezop erkin, azatlyga çykan gul bolupdyr, ol [[Lidiýa]] patyşasy [[Krez]]iň köşgünde gulluk edipdir we [[Delfy]]da gynalyp öldürilipdir. Antiki döwrüň belli basnýalarynyň köpüsiniň sýužeti Ezopyňky hasaplanýar. Şol sýužetleriň gysgajyk ýazgysy b.e. öň IV-III asyrlardan başlap «Ezopyň basnýalary» diýen sözbaşy bilen ýygynda jemlenýär we ol ilki mekdep okuw kitaplary üçin material, aýdyşyklarda gönükme hökmünde peýdalanylýar, soňra giçki antiki we [[Wizantiýa]] döwürlerinde «köpçülikleýin edebiýata» öwrülýär. Onuň giçkiräk golýazmalarynda (X—XV asyrlarda) 300-den gowrak «öwüt-nesihat» berýän basnýalary saklanyp galypdyr. Ol basnýalar ideýa taýdan skeptik, [[pessimist]]ik häsiýetlidir; personažlarynyň (esasan, haýwanlar) şertlidigi açyk duýulýar; ýazylyşy gysgajykdan gönümel, dili ýönekeý we gepleşik diline ýakyn. Ezopyň sýužetleri Fedr we Babriden başlap, [[Ž. Lafonten]] we [[I.A. Krylowa]] çenli [[Ýewropa]] çeper basnýalarynyň sýužetiniň esasy fonduny düzýär.
[[Kategoriýa:Şahsyýetler]]
[[Kategoriýa:Edebiýat]]
[[Kategoriýa:Ýazyjylar we şahyrlar]]