Žan Genry Dunant: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Sahypa döretdi, mazmuny: 'Žan Anri Dýunan (fransuzça Jean Henri Dunant; 8 maý 1828 - 30 oktýabr 1910) - şweýsar telekeçisi we jemgyýet işgäri. Fizik Žan-Daniel Kolladonyň ýege...'
 
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
Žan Anri Dýunan ([[fransuzça]] Jean Henri Dunant; 8 maý 1828 - 30 oktýabr 1910) - şweýsar telekeçisi we jemgyýet işgäri. Fizik Žan-Daniel Kolladonyň ýegeni. 1901-nji ýylda [[Frederik Passi]] bilen bilelikde [[parahatçylyk ugry boýunça Nobel baýragy]]nyň ilkinji laureaty bolýar.
 
'''
== Irki durmuşy we bilimi''' ==
 
Telekeçi Žan-Žak Dýunanyň we Antuanetta Dýunan-Kolladonyň ilkinji ogly - Anri Dýunan [[Ženewa]] jemgyýetinde uly abraýy bolan maşgalada dogulýar. Onuň ene-atasy jemgyýetçilik işlerine uly ähmiýet beripdirler, kakasy ýetimlere we tussaglykdan boşadylanlara işjeň hemaýat eden bolsa, ejesi keselli we garyp adamlar kömek edipdir. Kakasy türmede we ýetimler öýünde hem işlän.
Line 9 ⟶ 10:
1849-njy ýylda pes bahalary sebäpli Kalwin kollejini terk etmeli bolýar we Lullin et Sautter pul alyş-çalyş firmasynda tälim alyp başlaýar. Ony üstünlikli tamamlandan soň bankyň gullukçysy bolup galýar.
 
'''[[
== Alžir]]''' ==
 
Ol 1856-njy ýylda daşary ýurt koloniýalarynda iş alyp barmak üçin biznes gurnaýar. Fransuz koloniýasy bolan [[Alžir]]de oňa ýer berlenden soň "Financial and Industrial Company of Mons-Djémila Mills" diýip at berlen gallaçylyk we söwda kompaniýasyny açýar. Emma ýer we suw hukuklarynyň açyk-aýdyň bolmazlygy we koloniýal häkimýetleriň hyzmatdaşlyk etmäge ýykgyn etmezlikleri kompaniýaň öňünde kynçylyklary döredipdir. Dýunan ýagdaýdan çykalga tapmak üçin şol wagt öz goşuny bilen [[Lombardiýa]]da bolýan fransuz imperatory [[Napoleon III]]-iň göniden göni özüne ýüz tutmaly diýen karara gelýär. [[Fransiýa]] şol wagtlar häzirki Italiýaň agramly bölegini eýelän [[Awstriýa]] garşy uruş alyp barýan [[Sardiniýa Patyşalygy]]nyň (Pemonta-Sardiniýa hem diýilýär) tarapynda söweşipdir. Dýunan imperatora gowşurmak niýeti bilen ony öwgiler bilen taryplaýan kitap ýazýar we oňa duşuşmak üçin fransuzlaryň ştab-kwartirasynyň ýerleşen uly bolmadyk Solferino şäherine ugraýar.
 
== '''[[Solferino söweşi]]''' ==
 
1859-nji ýylyň 24-nji iýunynda [[Solferino]]dan uzak bolmadyk ýerde iki tarapyn arasynda söweş bolýar. Şol gün agşam hem Solferino gelen Dýunan söweş meýdanynda hiç hili kömeksiz diýen ýaly galan 38 müň ýaraly, jan berip ýatan we ölen adamlara gabat gelýär. Gören ahwalatyndan täsirlenen Dýunan ýaraly we keselli esgerlere kömek etmek üçin parahat ilatdan, esasan hem aýallardan we gyzlardan düzülen toparlary döretmek inisiatiwasyna öz üstüne alýar. Ýetmezçilik edýän zerur zatlary satyn almaklygy gurnaýar, wagtlaýyn keselhanalary gurmaklyga kömek edýär. Oňa, golaýda ýerleşýän [[Kastilone-delle-Stiwýere]] şäheriniň aýallarynyň oýlap tapan "Tutti Fratelli" (Ählimiz dogandyrys) şygaryna eýgerip, haýsy tarapda uruşýandygyna garamazdan ýaralananlara kömek etmeklige ilaty yrmak başardypdyr. Şeýle-de ol fransuzlar tarapyndan ýesir alnan awstriýaly lukmanlaryň boşadylmagyny hem gazanypdyr.
 
== '''[[Gyzyl Haç]]''' ==
 
Iýulyň başynda Ženewa gaýdyp gelenden soň Dýunan görenleri barada kitap ýazyp başlaýar we ony 1862-nji ýylda "[[Solferino söweşiniň ýatlamalary]]" ady bilen öz hasabyna 1600 sany nusgada çap etdirýär. Ol kitapda söweşi, edilen çykdajylary we onuň getiren netijelerini beýan edýär. Şeýle hem geljekde ýaralanan esgerlere kömek edip biljek bitarap guramanyň bolmalydygy baradaky ideýany öňe sürýär. Ol goldaw tapmak maksady bilen kitabyny [[Ýewropa]]nyň belli syýasy we harby işgärlerine iberipdir.
Line 27 ⟶ 29:
1863-nji ýylyň oktýabrynda ýaraly esgerlere kömek edilşini kämilleşdirmegi maslahat etmek üçin komitetiň Ženewada gurnan ýygnagyna 14 döwlet gatnaşýar. Onda Muanýeň tagallalary sebäpli Dýunan kagyz ýüzünde ýolbaşçy bolup galýar. Bir ýyldan soň şweýsar parlamentiniň gurnan diplomatik konferensiýasynda Ženewa konwensiýasyna 12 döwlet gol goýýar. Bu gezek bolsa Dýunana diňe gatnaşyjylaryň myhmanhanalarda ýerleşdirilmegini gurnamak ynanylýar.
 
== '''Ýatdan çykarylan döwüri''' ==
 
Öz gumanistik ideýallaryna wepalylygy onuň Alžirdäki biznesine hem zyýan ýetirýär. 1867-nji ýylyň aprelinde "Crédit Genevois" maliýe firmasynyň tozmagy Dýunany dawaň üstünden eltýär. Ol öz kompaniýasynyň batandygyny yglan etmäge mejbur bolýar we şol ýylyň awgustynda Ženewaň Söwda Sudy tarapyndan gözboýagçylykda günäli bilinýär. Kompaniýaň çökmegi oňa maliýe taýdan goşant goşan eden maşgalasyna we dostlarynyň köpüsine uly zyýan ýetirýär. [[Kalwinist däpleri]]niň çuňňur ornaşan şäheri bolan Ženewadaky sosial närazylyklar Dýunany Halkara komitetden gitmäge çagyryp başlaýar. Ol 1868-nji ýylyň 25-nji awgustynda sekretarlyk wezipesinden gidýär, 8-nji sentýabrda bolsa komitetden doly çykarylýar. Onuň kowulmagynda 1864-nji ýylda komitetiň prezidenti bolan Muanýe esasy rol oýnaýar.
Line 41 ⟶ 43:
1897-nji ýylda Ştutgartda mugallym bolup işläp ýören Rudolf Mýuller Gyzyl Haç-yň döredilşi hakynda ýazan kitabynda, Dýunanyň guramanyň esaslandyrylmagyndaky roluny bellemek üçin, Gyzyl Haç-yň döredilşiniň resmi taryhyny düzeldýär. Kitapda "Solferino söweşiniň ýatlamalarynyň" tekstini hem getiripdir. Dýunan awstriýaly ýazyjy Berta fon Zutner bilen hem hat alyşypdyr, köp sanly makalalary, ylmy işleri ýazypdyr. Aýratyn hem aýallaryň hukuklary barada köp ýazypdyr, 1897-nji ýylda "Ýaşyl Haç" aýallar guramasyny esaslandyrmaga ýardam edipdir.
 
== '''Parahatçylyk Nobel baýragy''' ==
 
1901-nji ýylda Gyzyl Haç Halkara Hereketini döretmekde we Ženewa konwensiýasynyň başlangyjyny tutmakda bitiren işleri üçin Dýunan ilkinji bolup [[parahatçylyk ugry boýunça Nobel baýragy]]na mynasyp bolýar. Dýunanyň kandidaturasyny norwegiýaly harby lukman Hans Daae goldapdyr. Dýunan baýraga [[Halkara Parahatçylyk Ligasy]]ny esaslandyran fransuz pasifisti Frederik Passi bilen bilelikde eýe bolupdyr. Halkara komitetden resmi gutlagyň gelmegi onuň bitiren işleriniň ahyrsoňy ykrar edilendigini görkezipdir:
Line 52 ⟶ 54:
Hans Daae pul baýragyň Dýunana düşýän bölegini - 104 müň şweýsar frankyny Norwegiýa Bankynda ýerleşdiripdir we ony Dýunanyň algydarlarynyň almagyna ýol bermändir. Dýunanyň özi ol puly hiç haçan ulanmandyr.
 
== '''Ölümi we mirasy''' ==
 
Soňraky ýyllarda Dýunana birnäçe sylaglar bir hatarda, [[Geýdelberg uniwersiteti]]niň medisina fakultetiniň hormatly doktory ady hem berlipdir. Ol ömrüniň ahyryna çenli garrylar öýünde ýaşaýar. Ömrüniň soňky ýyllarynda sustypeslikden hem-de Muanýe we algydarlary yzarlar diýen paranoýýadan ejir çekipdir. Hatda zäherlenmekden heder edip, aşpezden nahary gözüniň alnynda dadyp görmegini talap eden günleri hem bolupdyr.