Difference between revisions of "Eneolit döwri"

no edit summary
(Sahypa döretdi, mazmuny: ''''Mowzuk: Ekerançylygyň we maldarçylygyň ýüze çykmagy. Eneolit.''' 1. Ekerançylygyň ýüze çykmagy 2. Maldarçylygyň ýüze çykmagy ''Enolit'' ...')
 
 
Irki eneolit döwrüňde Türkmenistanyň ilatynyň jemgyýetçilik gurluşynda hem özgerişler bolup geçipdir. Suwarymly ekerançylygyň, metallurgiýanyň döremegi, gurluşyk işleriniň güýçlenmegi, maldarçylygyň ösmegi agyr fiziki işler bilen baglanşykly bolandan soň, bu döwür kem-kemden jemgyýetde erkek adamlaryň ornunyň ýokarlanmagyna getiripdir. Bu bolsa jemgyýetiň ösüşine öz täsirini ýetirip enelik urugyndan atalyk urugyna, ondan hem hususy eýeçilige geçmeklige alyp barypdyr. Eneolit medeniýeti soňky bürünç asyry wagtynda Türkmenistanyň çäklerinde synpy jemgyýetiň, döwletiň ýüze çykmagy üçin şertler döredipdir. Türkmenistanyň çäklerindäki oturymly ilat özleriniň ykdysady, medeni ösüşinde Orta Aziýanyň beýleki sebitlerinden öňe geçipdir. Amatly tebigy şertler muňa ep-esli derejede ýol açypdyr. Eneolitiň we bürünç asyrynyň dowamynda gadymy Gündogaryň örän ösen medeniýetleri bilen Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan ilatyň aragatnaşygy has güýçlenipdir.
[[Kategoriýa:Taryh]]
2 424

edits