Difference between revisions of "Aleksandr Dýuma"

img
(img)
[[File:Nadar - Alexander Dumas père (1802-1870) - Google Art Project 2.jpg|thumb|Aleksandr Dýuma]]
1802-nji ýylda [[Fransiýa]]nyň [[Wille-Kotre]] diýlen ýerinde, [[general]] '''[[Tom Aleksandr Dýuma (kaka)]]'''nyň we Mariýa Luiza Labureniň maşgalasynda dünýä inýär. A.Dýuma diňe ýazyjy däl, eýsem ol [[dramaturg]] hemem [[žurnalist]]dir. A.Dýumanyň ogly Aleksandr hem kakasynyň adyny göterip, ol hem ýazyjy bolupdyr. Şonuň üçinem ataly-ogluň eserlerinde goşa dyrnagyň içinde “kakasy ýa-da ogly” ýaly ýazgylar ýazylypdyr. Aleksandr Dýumanyň çagalygy, ýaşlygy Wille-Kotrede geçýär. Ol ýokary bilimli bolmandyr, emma [[hroniki kitaplar]]y köp okapdyr. Ol ilkinjileriň biri bolup, öz döwrüniň durmuşyndan drama ýazýar we “[[Antoni]]” diýlip atlandyrylan drama 1831-nji ýylda [[Port-Sen-Marten teatry]]nda sahnalaşdyrylýar. Dýuma 1840-njy ýylda artist ''Ide Ferýere'' öýlenýär. Emma 4 ýyldan soň, onuň bilen aýrylyşýar. Ýazyjy köp pul karz alyp, öz pullaryny hem goşup, özüniň birnäçe žurnallarynydyr teatryny döredýär. Emma bu zatlar şowsuz gutarýar, şonuň üçinem ol karzdarlaryndan gaçyp, [[Belgiýa]] gidýär. Ýazyjy 1858-1859-njy ýyllar aralygynda [[Sankt Peterburg]]da ýaşaýar. Ol [[Rossiýa]]nyň owadan ýerlerne syýahat edip, şol ýerde-de “[[Täsirli gezelenç]]” atly kitabyny döredýär. Ýazyjynyň soňky “[[Graf Monte-Kristo]]” kitaby hemem “[[Genrih III we onuň kerwensaraýy]]” dramasy oňa köp üstünlik getirýär. Dýuma meşhur [[fransuz taryhçylary]]nyň eserlerini okap, olardan täsirlenip ýazan “[[Izabella Bawarskaýa]]” romanyny Fransiýanyň 15-19-njy asyrlardaky taryhy barada ýazýar. 19-njy asyrda gazetlerde Dýumanyň romanlaryna uly isleg bildirilýär. Dýumanyň “[[Üç muşketýor]]”, “[[Žorž]]”, “[[Ýigrimi ýyldan soň]]”, “[[Kyrk bäş]]” , “[[Gara çigildem]]” romanlary hasam adygandyr. Onuň köp eserleri başga dillere terjime edilip, köp eserleri sahnalaşdyryldy. Aleksandr Dýuma 1870-nji ýylda 68 ýaşynda [[Dýeppa]]nyň töwereginde [[Pýui]]de aradan çykdy.
[[Kategoriýa:Edebiýat]]
4

edits