Änew metjidiniň ansambly: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
uj cat.
Setir 1:
[[Image:Anew_metjidi_surat_1.jpg|Anew metjidi|300px|right]]
Halk arasynda '''Seýit Jemaleddiniň metjidi''' ady bilen belli bolan bu ymaratyň galyndylary [[Änew]] şäherçesiniň gündogarsynda ýerleşýär. Arheologik maglumatlar Günorta Türkmenistanyň eneolit zamanynyň ýadygärliklerini “Änew medeniýeti” diýen at bilen ylmy dolanyşyga girizmäge mümkinçilik berdi.
 
Ansambly dört desga - metjit, onuň öňündäki gabyrüsti we beýik gümmezli zaly bolan iki sany jaý emele getiripdir. Bu çylşyrymly desga metjidiň, guburhananyň, medresäniň we hanakanyň wezipelerini ýerine ýetiripdir.
Setir 25:
 
Ertesi şäheriň ilatyny ýene-de jaňyň sesi oýadypdyr. Olar galadan çykanlarynda iki aždarhany hem görüpdirler, ol aždarhalar köp altyn we gymmatbahaly daşlary alyp gelen ekenler. Olar bu zatlary patyşa aýalyň öňünde goýup, özleri ýene daga tarap gidipdirler. Jamal bu gymmatbaha zatlardan uly metjit gurmagy we onuň peştagynda şu zatlary beren aždarhalaryň şekilini çekmegi buýrupdyr. Rowaýatda aždarhalar Änewiň ilatyna hossarlyk eden jandarlar hökmünde görkezilýär, olaryň şekili bolsa ýykylan metjidiň ýüzündäki ýazgyda atlandyrylyşy ýaly “Gözellik öýüni” gorap saklapdyrlar.”
 
[[Category:Ahal]]
[[Kategoriýa:Ahal welaýaty]]
[[Kategoriýa:Ýadygärlikler]]
[[Category:Taryh]]