Amerikanyň Birleşen Ştatlary: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
uj prezidentler sanawyny girizdim
Setir 68:
Bu ýurt gündogarda [[Atlantik okean]]yndan günbatarda [[Ýuwaş okean]]yna çenli 4500 kilometr aralykda ýerleşýär. [[Alýaska]] we [[Gawai]] adalaryny hem öz içine alýan ABŞ-nyň umumy tutýan meýdany 9 million inedördül kilometrden geçýär. [[Alýaska]] ýurduň 50 ştatynyň meýdany boýunça iň ulusydyr. Ýurduň günortasyndaky [[Tehas]] bolsa bu ugurda ikinji orunda durýar.
 
==<big>'''Taryhy'''</big>==
 
XVIII asyryň ahyrlarynda Birleşen Ştatlarynyň territoriýasynda döwletlilik döredildi. Ýöne mundan öňem Demirgazyk Amerikada möhüm taryhy wakalar bolýar. XV asyryň ahyrlarynda Demirgazyk Amerika yklymy [[Hristofor Kolumb]] tarapyndan açylýar we [[Ispaniýa]] demirgazyk, merkezi we günorta Amerikanyň meýdanynyň köp bölegini eýeleýär. [[Britaniýa]]ly deňizde ýüzüji [[Kabot]] 1497-nji ýylda Demirgazyk Amerikanyň kenaryna ýüzüp barýar. Wagtyň geçmegi bilen ispanlar, portugallar, fransuzlar, iňlisler Amerika yklymyna ýerleşip, ýer eýeleýärler. Iňlisler Amerikadaky ýerlerini köpeldip, soň-soňlar birnäçe ýurtlardan adamlary göçürip getirýärler.