Ukraina: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Setir 9:
== Administratiw Gurluşy ==
 
Ukrainanyň umumy tutýan meýdany 603,7 müň inedördül kilometre barabar bo­lup, ol bu görkeziji boýunça Ýewropada öňdäki orunlarda durýar. Ukraina meý­dany boýunça dünýäde 42-nji orny eýeleýär. Ukraina Russiýa Federasiýasy, [[Polşa]], [[Slowakiýa]], [[Wengriýa]], [[Rumyniýa]], [[Moldowa]] we [[Belarus]] bilen araçäkleş­ýär. Ýurduň günorta bölegini Gara we Azow deňizleri ýuwýar.
 
Ukraina döwleti Ýewropada baý mineral serişdeleriniň köpdürliligi bilen tapawut­lanýar. Köp ýyllaryň dowamynda Ukraina kömür, demir we marganes magdanla­ryny çykarmakda dünýäde öňdäki orunlary eýeläp geldi. Ýurduň esasy kömür känleri Donesk sebitinde ýerleşýär. Olaryň gory 109 milliard tonna barabardyr. Mundan başga-da, Lwow-Wolynsk sebitinde-de kömür gazylyp alynýar. Dnepr sebitinde goňur kömrüň 6 milliard tonna barabar käni tapyldy. Şeýle hem, Ukrai­na döwleti demir magdanlaryna hem baý ýurtdur.
Setir 26:
 
Ukrainanyň ikinji uly şäheri Harkowdyr. 1,5 milliondan gowrak ilaty bolan Har­kow gadymy şäherleriň biridir. 1 million 147 müň ilatly Dnepropetrowsk şäheri ýurduň iri senagat merkezidir. Şäher 1776-njy ýylda Dnepr derýasynyň kena­rynda port şäheri hökmünde guruldy. Ilatyň sany boýunça dördünji orunda dur­ýan Donesk şäheri 1869-njy ýylda döredilip, ýurduň iri senagat merkezleriniň bi­ridir. Şol ýerde kömür magdanynyň ummasyz uly känleri bar. Odessa şäherini bilmeýän ýokdur. Ol Gara deňziň kenaryndaky esasy port şäher bolup, 1789-njy ýylda gurlupdyr. Ukraina tebigy, arhitektura ýadygärliklerine we goraghana­lara baý ýurtdur. Kiýewde 30-a golaý muzeý bar.
 
Daşary syýasaty: Ukraina dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyk­lary ýola goýmak ugrunda uly işleri alyp barýar. Soňky ýyllarda Ukraina tarapyn­dan öňe sürülen köp sanly başlangyçlar dünýä döwletleri tarapyndan uly gol­daw tapdy. Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary bilen bir hatarda Ukraina hem Birleşen Milletler Guramasynda dünýä ykdysadyýeti bilen aýakdaş gitmek isleýän döwletlere goldaw bermek üçin birnäçe kararlaryň kabul edilmegini ga­zandy. 2000-nji ýylda Kiýewde BMG-niň wekilhanasy işläp başlady. Mundan başga-da, BMG-niň başga-da köp sanly edaralarynyň wekilhanalary hereket edýär. Ukraina 50-ä golaý iri halkara guramalaryň agzasydyr.
 
Setir 32:
 
Ukraina Ýewropa Bileleşiginiň Brýusseldäki ştab-kwartirasynda hemişelik wekil­hanasyny açdy. Ýurtda bolsa şol wekilhana bilen işleşýän ýörite komitet döredil­di. 1998-nji ýylyň iýunynda ýurduň Prezidenti tarapyndan Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine integrasiýa strategiýasy tassyklandyly. Häzirki wagtda Ukrainanyň Ýewropa Bileleşiginiň assosirlenen agzalygy boýunça ylalaşyk gazanylmagy ug­runda gepleşikleriň alnyp barylmagy göz öňünde tutulýar.
 
 
Ukraina 1992-nji ýylda Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy­nyň agzasy boldy. Häzirki wagtda Ukraina bu gurama bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar.
 
=== [[Şäher]]ler ===
* [[Çernigiv]]
* [[Har­kiw]]
* [[Donesk]]
* [[Lwiw]]
* [[Kiýew]]
* [[Dnepropetrowsk]]
* [[Sewastopol]]
* [[Odessa]]
* [[]]
* [[]]
* [[]]
 
{{Ýewropanyň ýurtlary}}