Suw: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
uj 191558 wersiýasy 85.200.213.250 (Çekişme) tarapyndan yzyna alyndy.
Setir 1:
[[Faýl:The Earth seen from Apollo 17.jpg|thumb|Ýer ýüzüniň 71 %-i suw bilen örtülendir]]
WTF plz english idiots omfg omg omg go subb to me. i got 1mill subs on youtube fuck you tk
'''Suw''' ([[wodorod]] [[oksidler|oksidi]]) — [[binar birleşme|binar]] [[organiki däl madda|organiki däl birleşme]], [[himiki formula]]sy Н<sub>2</sub>O. Suwuň molekulasy öz aralarynda [[kowalent baglanyşyk]] bilen birleşýän iki sany [[wodorod]] we bir sany [[kislorod]] atomyndan ybaratdyr. Ol [[standart şertler|adaty şertlerde]] dury [[suwuklyk]] bolup durýar, onuň [[reňk]]i (kiçi [[göwrüm]]de), [[ys]]y we [[tagam]]y bolmaýar. Onuň [[gaty jisim|gaty]] [[agregat ýagdaý |ýagdaýy]] [[buz]], [[gar]] ýa-da [[gyraw]] diýlip, [[gaz]] görnüşli ýagdaýy bolsa, suw [[bug]]y diýlip atlandyrylýar. Suw [[suwuk kristallar|suwuk kristal]] görnüşinde hem bolup bilýär ([[gidrofillik|gidrofil]] ýerlerde) [[Ýer]] ýüzüniň 71 %-ini (361,13 mln km<sup>2</sup>) suw ([[okean]]lar, [[deňiz]]ler, [[köl]]ler, [[derýa]]lar, buzlar) gaplap alýar. Ýerdäki suwuň takmynan 96,5 %-i okeanlarda ýerleşýär, dünýädäki suw zapasynyň 1,7 %-ini ýerasty suwlar, ýene 1,7 %-ini [[Antarktida]]nyň we [[Grenlandiýa]]nyň buzluklary we buzly örtükleri, uly bolmadyk bölegini derýalardaky, köllerdäki we [[batgalyk]]lardaky suwlar we 0,001 %-ini bulutlardaky suwlar emele getirýär. Ýerdäki suwlaryň uly bölegi şor bolmak bilen, ol [[oba hojalygy]] we agyz suwy üçin ýaramsyzdyr. [[Süýji suw]]uň paýy 2,5 % çemesi bolup, onuň hem 98,8 %-i buzluklarda we [[ýerasty suwlar]]da ýerleşýär. Tutuş süýji suwuň 0,3 %-e golaýy derýalarda, köllerde we [[atmosfera]]da saklanýar, ondan hem az bölegi (0,003 %) bolsa, janly organizmlerde ýerleşýär.
 
Ol oňat [[kowalent baglanyşyk |güýçli polýar]] [[erediji]] bolup durýar. Tebigy şertlerde hemişe özünde erän maddalary ([[duzlar]], [[gaz]]lar) saklaýar.
 
Suw Ýeriň ýüzünde [[ýaşaýyş|ýaşaýşyň]] döremeginde we dowam etdirilmeginde, [[ýaşaýyş|janly organizmleriň]] himiki gurluşynda, [[klimat]]yň we [[howa ýagdaýy|howanyň]] formirlenmeginde uly ähmiýete eýedir. Ol [[Ýer]] planetasynda ähli janly jandarlar üçin iň möhüm madda bolup durýar.
 
== Goşmaça okamak üçin ==
* [http://n-t.ru/ri/kl/vz.htm Л.Кульский, В.Даль, Л.Ленчина. Вода: знакомая и загадочная]
* [http://www.membrana.ru/particle/13641 Мембрана: Впервые созданы пятиугольные кристаллы льда]
 
== Salgylanmalar ==
* [http://portal.tpu.ru/SHARED/n/NNG/study/Tab/LecXim.pdf Вода как химическое соединение]
 
=== Salgylanmak üçin materiallar ===
* [http://twt.mpei.ac.ru/ochkov/WSPHB/index.html Теплофизические свойства воды и водяного пара]
* [http://www.lsbu.ac.uk/water/phase.html Диаграмма фазовых состояний]{{ref-en}}
* [http://nospe.ucoz.ru/index/0-86 Основы геологии] Геологическая работа текучих вод