Ýapon dili: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
uj Bot: Migrating 1 interwiki links, now provided by Wikidata on d:q5287 (translate me)
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
[[Faýl:Map Japanese SpeakingWorld.png|right|470px|]]
 
Häzirki döwürde ýapon dili Ýaponiýada[[Ýaponiýa]]da we Ýaponiýanyň daşyndaky döwletlerde jemi 130 million adam tarapyndan ulanylýar. Ýapon dili dünýäde iň köp geplenilýän dilleriň hatarynda dokuzynjy bolup durýar. Ýapon dili ýapon ýa-da ýapon-rýukýuan dil maşgalasyna degişli bolup durýar. Ýapon dili bilen baglanşykda ençeme dil maşgalasy agzalyp geçilýär ýöne bularyň hiç birisi hem alymlar tarapyndan biragyzdan kabul edilen däldir. Ýapon dili agglutinatiw dillerden bolmak bilen birlikde bu dilde hormat bilen ýüzlenmek üçin örän köp görnüşli sözler bardyr. Bu bolsa ýapon jemgyýetiniň köp gatlaklylygy bilen düşündirilip biliner.
Ýapon dili üç sany ýazgy arkaly ýagny üýtgedilen hytaý harplary (başgaça ady kanji), üýtgedilen hytaý harplarynyň iki bogunly görnüşi (başgaça ady hiragana) we katakana atly harplardan düzülendir. Döwrebäp ýapon dilinde latyn elipbiýi hem (ýapon dilinde romaji) ulanylýar. Latyn elipbiýi esasan şereketleriň ady, reklamalarda we ýapon harplary kompýutere geçirilende ulanylýar. San hökmünde bolsa arap sanlaryndan başga-da sino-ýapon (ýapon sanlary) giňden ulanylýar.
Beýleki diller ýapon diliniň baýlaşmagynda örän uly orny eýeleýär. Hytaý dili ýa-da hytaý dilinden üýtgäp geçen sözler ýapon diliniň baýlaşmagynda azyndan 1500 ýyl bäri öz täsirini görkezip gelýär. XIX asyryň aýaklaryndan başlap hidi-ýewropa dil maşgalasyndan we esasanam iňlis dilinden ençeme söz ýapon diliniň has-da baýlaşmagyna getiripdir. Ýaponiýanyň XVI asyrda Portugaliýa bilen soňra bolsa XVII asyrda Niderlandiýa bilen söwda bolanlygy sebäpli ýapon diliniň baýlaşmagyna portugal we golland dilleriniň hem uly täsirleri bolupdyr.