Animizm: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 2:
 
Taỳlor we Spenseriň pikrine görä ;ruh; düşünjesi diniň iň esasy düşünjesidir. Ilkinji ynsanlar ỳönekeỳje bir ỳalňyş bilen belli bir gönümel düşünjä barypdyrlar. Düỳşlerinde göwreleri bir ỳerde duran bir wagtyň özünde özleriniň başga ỳerlerde aỳlanyp, başga işler etmeginden olar, hökmäni ỳagdaỳda özlerinde iki barlyk bolmaly diỳip düşünipdirler. Ỳene-de olar, gwreleri düỳş görülen ỳerde bolmadyk adamlar bilen görüşip, olar bilen gürleşmeginden, olar hem özlerinde iki barlygy jemleỳän bolmaly diỳen hyỳala barypdyrlar. Şeỳlelik bilen “her kimiň özünden başga-da her ỳerde erkin aỳlanyp gezip bilỳän bir ỳoldaşy bolmaly” diỳen netijä gelipdirler. Bu ỳoldaş özüne meňzeş bolmagy bilen bir wagtyň özünde, belli aỳratynlyklary bilen tapawutlanỳardy. Bu ỳoldaş ;Jan;dyr. Ol bir ruh (spirit) bolman eỳsem adatdan daşary ỳagdaỳlarda özünden aỳrylỳan belli bir göwrä baglydyr. Jan diňe köp üỳtgemelerden soň ;Ruh; diỳen düşünjä eỳe bolupdyr.
 
Ỳene bir tarapdan bolsa, ölümiň diňe bir uzak wagtlap özünden gitmek ỳa-da uwklamakdyr diỳip düşünen şol ilkinji ynsanlar, göwräniň ỳene-de oỳanjakdygyna ynanypdyrlar.
[[Kategoriýa:Din]]