Animizm: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 9:
Bu özbaşdak galan ruhlaryň dirileriň arasynda aỳlanyp gezip ỳörendigine, şonuň ỳaly hem olardan her hili ỳagşylyk ỳa-da ỳamanlygyň çykyp biljekdigine ynanan ynsanlar, özlerini olaryň ỳetirip biljek ỳamanlyklaryndan gorap bilmekleri üçin her hili ỳollara ỳüz urmak mejburiỳetinde galypdyrlar. Şeỳlelik bilen ilkinji jynaza we jaỳlama dabaralary, janly aỳdyp gurbanlyk etmek we ötenleriň gereklerini garşylamak üçin iỳmek-içmek hödürlemek däpleri ỳüze çykỳar. Ilkinji sadaka berilen ỳerler bolsa gonamçylyklar bolupdyr.
 
Ata-baba ruhlarynyň özbaşdak bir barlyk meỳdanyny döredỳändigine ynanmakdan hereket eden bu düzgün (sistema), tebigat daşynda gezỳän bu ruhlaryň ugrukdyryjy hem ỳolgörkeziji güỳjüne, şonuň ỳaly-da mukaddesligiň ata-babalardan gelỳändigine ynanypdyrlar. Şu düşünje bilen hem urug agzalary, ata-babalarynyň ruhuny gutly we mukaddes bilip, olryň adyna ỳakylan ody hiç-haçan söndürmejek bolupdyrlar [Türkmenlerde-de ỳaşulylar yzygiderli ỳaşlara “Ataňyzyň ojagy öçmesin, öỳlenip ogul-gyz urbadyň!” diỳerdiler.
[[Kategoriýa:Din]]