Şamanizm: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 3:
 
Kaşgarly Mahmyt TENGRI sözüniň düşündirişinde şeỳle ỳazỳar: “Kapyrlar göge Tengri diỳỳärler. Şonuň ỳaly-da olar beỳik bir dag ỳa-da uly bir agaç ỳaly gözlerine uly görünen her bir zada-da Tengri diỳỳärler. Bu sözler irki türklerde Taňry sözüniň görünỳän Asman hem-de ;uly barlyk; manysynda gelmegi, maddi barlyk bolan Asman bilen uly bir güỳjüň (gudratyň) birleşmegini görkezỳär. Şu günki şamanist türkler-de Taňry sözüni irki türklerdäki manysynda
ỳagny Asman sözüniň ỳerine ulanỳarlar. Güneş, Aỳ, Ỳyldyz, Ỳyldyrym we Ỳel bilen bagly ynançlar hem Asman-Taňry bilen gatnaşykdadyr.
 
Altaỳly şamanistler güneşe ant içỳärler. Olaryň düşünjesine görä Güneş ene we Aỳ atadyr. Şamanistleriň ynanjyna görä aỳ-gün tutulmagynyň sebäbi, günüň hem aỳyň ỳaman ruhlara garşy söweşe girmekleri we kä ỳagdaỳlarda olaryň bu ruhlaryň tarapyndan tutulup garaňky dünỳälere sürgün edilmegidir. Bütin türk dillerinde bu hadysany ;tutulmak; sözi bilen beỳan edilmegi, olaryň köne dinleriniň yzyny görkezỳär.
[[Kategoriýa:Din]]