Nedir şa: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 3:
1711-nji ýylda kakasy Ymamguly han ýogalanan soñ, Nedir kerwnlere talaýan garakçylara baştutanlyk edip başlaýar, şeýle hem ol Abywedyñ häkimi Babaly begiñ hyzmatynda bolup, Türkmenleri hem-de Kürtleri özüne tabyn etmek üçin bir näçe harby ýörişleri geçiripdir. Şeýlelikde, Nediriñ şan-şohraty kem-kemden giñ gerim alyp ugraýar.
 
1723nji ýylda Maşadyñ häkimi Mälik Mähmidiñ goşun serkerdesi bolansoñ, Nediriñ şohraty has-da artyp, onuñ ady bütün horasanaHorasana ýaýraýar.
 
Nedir 1726nji ýyldaT ahmasp şahyñ goşun serkerdesi hökmünde gullaga başlaýar. Ol öz bäsdeşlerini kem-kemden ýok edip, esasy serkerde öwrülýär.
 
1732nji ýylda Tahmasp şahy tagtdan agdaryp, häkimligi öz eline alýar. Şondan soñ 1736nji ýylda Mugan çölliginde Nedri dabaraly ýagdaýda Şah diýip yglan edip, bşayna täç geýdirýärler. Şeýlelikde, Nedir şah zalymlygyny has-da güýçlendirip başlaýar. Sähel göwnüne ýaramadyk adamlary ýok etdirýär. Hatda öz uly ogly Rezaguly hanyñ hem gözüni oýdyrýar.
 
Nedir şah Kafkaza, Dagystana, Bagdada, Hyrada, Gandahara, Hindistana, Buhara, Hiwa harby ýörişler geçirip, ägirt Uly emperiýa döredýär. Nedir şahyñ asly Türkmen bolsa-da onuñ Türkmenler barada ýöreden syýasaty Eýranyñ öñki Şahlardan tapawotlanmandyr.