Dollar: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 1:
* Bilşimiz ýaly Dollar dünýä boýunça islendik ýurtda ýöreýän ýeke-täk pul birligidir (walýutadyr).  Eýsem munyň sebäbi nämede?! Dollar nädip bu derejä çykmagy başardy?...  bu soraglara aşakda jogaplary alyp bileris.     
* Dollar sözi orta asyrlarda 1519-njy ýylda Germanýada teňňe ady "Taller"-dan gelip çykan. Taller Germaniada 1873-nji ýyla çenli ýörgünli pul birligi bolan. Ol ondan soň hümmetini ýitirip bütinleý ýok bolup gidip onuň ornuna "Marka" pul birligi girip geldi. Ýöne "Taler" sözi halk arasynda giňden ýaýrany üçin ony basym ýatdan çykarmak aňsat düşmedi we ol halkyň aňynda galypdy. Şol wagtlar Angliýa we Ispaniýa koloniýalarynda "Peso" ady bilen meşhur bolan teňňeler bardy. Bu teňňeleri köp ýerlerde adamlar ýalňyşyp "Dalar" diýip atlandyrýadylar. Bize Meşhur bolan DOLLAR ady hem şu wagtky Dollar belgisi hem şo wagtlarda peýda bolan. Uzyn iňlisçe belgisi  "Piese of Eight" (1-den 8 bölegi)  ýagny 1/8 kagyzda öçürilen 8-e öwrülip, ahyrsoňy bize tanyş bolan Dollar belgisi peýda bolýar.  <br>
* 1879-njy ýylda  ABŞ hökümeti döwletiň resmi walýutasyny (pul birligini) ykrar etmeli wagtynda hiç ikilenmän hemmä mälim we meşhur bolan dollar adyny saýlaýarlar.  192-nji ýylda esasy meseleleriň biri bolup duran ABŞ pulunyň düzümindäki sap altynyň mukdary 1,6033 gr ýada 24,057 gr kümüşden ybaratdy. 80-nji ýyllardan soň ýagny 1876-njy ýylda altyn teňňeler döwletiň resmi pul birligi diýip hasaba alynandan soň onuň düzümindäki sap altynyň mukdary 1,50463 gr edip bellenipdi. Bu mukdar ABŞ-da ýene 30 ýyl, 1929-1933-nji ýyllardaky dünýä ykdysady krizisine çenli emelde boldy. Şu kanuna laýyklykda kabul edilen "altyn ambary" hakyndaky resminama laýyklykda, altynyň mukdary 0,88867 grama ýagny 41 protsenda çenli düşürildi.  <br>
* Şol wagtda Troýa Unsiýasynyň (Troýa unsiýasy - altyndan ýasalan teňňeler) bahasy 35 dollardy. II-nji jahan urşyndan soň ABŞ dünýädäki hökmirowanlygynyň berkidilmegi bilen DOllaryň ýurtlar arasyndaky orny hem bilinip başlanypdy. Marşal şertnamasy esasynda, weýran bolan Ýewropanyň içine ABş inwestitsiýasy bilen bilelikde dollaryň  hem hökmürowanlygy girip geldi. Uruş zerarly alaçsyz hala düşüp galan Ýewropada dollaryň öz ornuny tutmagy gaty çalt depginde bat aldy. Şo wagtlarda Ýewropanyň islendik banklarynda dollary islendik ýewropa döwleti pul birligine ýada ylalaşylan altyn mukdaryna çalşyp alyp bolýardy. Ýöne XX asyryň 60-njy ýyllarynyň ortalaryna gelip dollaryň gadry düşüp başlapdy. Infilýatsiýanyň (Infilýatsiýa-puluň gadyrynyň gaçmagy) ösmegi bilen ABŞ söwda balansyndaky ýetmezçilik zerarly indiki dollar dewalwatsiýasyny (dewalwatsiýa-atylan meseledäki kagyz pulundan ýüz döndermek, ýada hümmetini düşürmek)  getirip çykardy. 1971-nji ýylyň ahyrynda altynyň 1 unsiýasy 38 dollara çenli galdy, dollaryň dizaýnyndaky altyn mukdary bolsa umuman alnyp taşlandy.  1973-nji ýylda dollar ýene 10 protsenda dewalwatsiýa edildi. 1974-nji ýylyň fewralyna gelip, altynyň bir unsiasynyň bahasy dünýäniň uly birža maýa goýumlarynda 150 dollara çenli göterildi. Häzirki wagtda bu görkeziji 260 dollara deňdir. 100 ýyl içinde dollar 10 esse arzanlaşdy. Emma altyn standartyndan ýüz öwrülen ýagdaýynda dollar ýer ýüzüniň köpçülik ilatynyň ynamyna giripdi. Köpläp döwletleriň resmileşdirilmedik pullaryna öwrülipdi. Soňky ýyllarda bolsa dollar günorta amerikanyň köpläp döwletlerinde esasy pul hökmünde gollanylýar.  <br>
* ABŞ-dan başga ýene 26 sany döwlet pul birligi dollar ady bilen ýöredilýä.