Gadymy Gresiýa taryhy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 267:
 
 
== Grek-şäher döwletleriniň döremegi durmuş we ykdysady ösüşi ==
 
1. Gadymy Gresiýanyň taryhynda b.e.öňki IX-VIII asyrlaryň sepgitlerinde çuňňur özgerişlikler bolup geçýär. Bu döwürde ownuk biri-birinden üzňe urug we oba jemgatlarynyň içinde ykdysadyýet çalt ösüp başlaýar. Döwlet organlarynyň ulgamy, ösen medeniýet döräp başlaýar. Bu täze durmuş – syýasy gurluşa polisler diýilýär. Polisler öňki jemagatlardan, täze ilatly ýerleriň döredilmeginden (koloniýalardan) emele gelipdirler. Polisleriň içerki düzümi birnäçe asyrlaryň dowamynda kemele gelip, b.e.öňki VI asyrda köp şäherlerde, esasan, tamamlanýar.
 
Şäher-döwlet görnuşinde irki döwletleriň emele gelmegi b.e.öňki VIII-VI asyrlarda bolup, oň arhaik döwür diýip at berilýär.
Line 296 ⟶ 297:
Demosyň esasy ýeňişleriniň birem adat hukuklarynyň we dowam edýän hukuk düzgünleriniň kadalaşdyrylmagy we ýazga geçirilemgi bolupdyr. Bu bolsa birnäçe eden-etdilikleriň öňüni alypdyr. Kanunlarda ýere we emläge hususy eýeçilik berkidilipdir. Esasy ähmiýete eýe bolan zat hem raýatlarybergidarlygy uçin gul etmegiň gadagan edilmegi bolupdyr. Bergidar bolan garyp şahsy taýdan azat bolupdyr. Jemgyýetiň aňynda kem-kemden grekleriň gul bolmaly däldigi baradaky duşünje kemala gelipdir.
 
== Tiranlyklar we tiranlar ==
2. B.e.öň VII-VI asyrlarda Gresiýanyň syýasy ösüşinde polisleriň köpüsinde urug begzadalaryny häkimiýetden çetleşdirmek we söwda-hünärmentçilik toparyň häkimiýetde berkleşmegi bolup gecýär. Şäher-döwletlerde häkimiýeti güýç bilen eýelän we dolandyryş organlaryny özüne tabyn eden adamlara tiranlar diýipdirler.
 
B.e.öň VII asyryň II ýarymynda tiranlyklar ilki bilen karinfde, Sikionda berkarar bolupdyrlar. B.e.öň VI asyrda bolsa tiranlyk düzgüni Miletde, Afinyda, Samos we beýleki adalarda, Günorta Italiýanyň birnäçe polisinde we Sisiliýada bolupdyr. Tiranlaryn ýöredýän syýasaty, esasan, köne urug begzadalarynyň agalygyna garşy bolupdyr. Tiranlar olary häkimiýetden çetleşdiripdirler, emlägini we ýerini alypdyrlar, polisden kowupdyrlar we olara garşly adamlary erkinlige goýberipdirler. Olar söwda-hünärmentçilik toparlary we ownuk daýhanlary goldapdyrlar. Hünärmentçiligi, söwdany, gämi gurluşygyny ösdüripdirler. Gämiduralgalaryny abadanlaşdyryp, deňiz ýollaryny howpdan goramaga çalşypdyrlar, teňňe zikgeläpdirler.
Line 302 ⟶ 304:
Şu işleri geçiryän wagtlary olary halk goldapdyr. Ýöne tiz wagtdan öz bähbitlerini arap, zorluk edip başlapdyrlar. Ilat olary goldamagyny bes edipdir. Tiranlar kowlupdyrlar ýa-da göreşde ölüpdirler. B.e.öň VI asyryň ahyryna çenli ähli grek şäherlerinde diýen ýaly tiranlyklar ýok ediplipdir.
 
== Koloniýalaşdyryş hereketi ==
3. B.e.öň VIII-VI asyrlarda grek jemgyýetiniň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ösüşi netijesinde Beýik koloniýalaşdyryş herketi emele gelipdir. Grekler Egeý deňziniň we onuň töwregindäki ýerleşen şäherlerinden Ortaýer deňziniň we Gara deňziň kenarlarynda köpsanly koloniýalary (grekçe-apoýkiýalary) döredip, göçüp barypdyrlar.
 
Grekler Ortaýer deňziniň we Garadeňziň kenarlarynda giň ýerleri özleşdiripdirler we ýerli ilatlar bilen ykdysady, medeni aragatnaşyklary ýola goýupdyrlar.
Line 332 ⟶ 335:
Täze şaherleri guramak, ýerleri özleşdirmek zerurlygy binagärligiň we şekillendiriş sungatynyň ösmegine itergi beripdir. Grek medeniýeti beýleki ýurtlaryň täsirinde täze pikirleri, bilimler bilen baýlaşypdyr.
 
== B.e.öň VIII-VI asyrlarda grek medeniýeti ==
4. Grek polisleriniň emele gelmegi täze medeniýetiň ruhy gymmatlyklarynyň täze ulgamynyň döremegi bilen bolup geçipdir. Grek medeniýetiniň esaslarynyň kemala gelmegi boş ýerden döremändir. Sebäbi oňa b.e.öň II müňýyllykdaky Krit we Aheý medeniýetleriniň we gadymy gündogar siwilizasiýasynyň täsiri ýetipdir. Grekler bu mirasy başarjaň peýdalanypdyrlar we gaýtadan işläpdirler. Umuman alanda b.e.öňki VIII-VI asyrlardaky grek medeniýeti özboluşly, täze taryhy hadysa bolupdyr.
 
Her bir halkyň medeniýeti özüne ýazuwy we edebiýaty, şekillendiriş sungatyny we binagärligi, dini ulgamyny, filosofiýany (pelsepäni) we ylmy öz içine alýan çylşyrymly we köptaraplaýyn toplum bolup durýar.