Gadymy Gresiýa taryhy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Gysgaça mazmuny ýok
Gysgaça mazmuny ýok
Setir 70:
Bu taryhçylaryň işlerinden başga-da, b.e.öň V-IV asyrlarda ýaşan belli we näbelli taryhçylaryň işleri, oratorlaryň çykyşlary, ylmy we pelsepewi häsiýetdäki işler möhüm taryhy çeşmeleridir.
 
Pelsepeçi [[Platon]] (b.e.öň 427-347 ý) “Döwlet” we “Kanunlar” diýen işlerinde öz döwrüniň durmuş-syýasy gatnaşyklaryny seljerip, grek jegyýetini täze, adalatly esaslarda gaytadan gurmagy teklip edipdir.
 
Aristotel hem ylmyň dürli ugurlary boýunça işler ýazypdyr. Ol “Syýasat” diýen işinde 158 sany grek şäher-döwletiniň syýasy taryhyny umumylaşdyrypdyr. Başga-da ol taryhy ähmiýeti uly bolan “Afinynyň döwlet gurluşy” diýen işini ýazypdyr.
Setir 131:
 
 
== Krit döwletleri ==
1. Ýewropada siwilizasiýanyň iň gadymy ojagy Krit bolupdyr. Juda ir zamanlarda bu ýerde Balkan ýarym adasyny we Egeydäki adalary Kiçi Aziýa, Siriýa we demirgazyk Afrika bilen baglanyşdyrýan deňiz ýollary kesişipdir. Olar Kritiň medeniýetine öz täsirini ýetiripdirler. Minoý siwilizasiýasy III-II müňýyllyklaryň sepgidinde ýüze çykypdyr. Bu döwürde bürünçden ýasalan zähmet gurallary we ýaraglar daş daş gurallary gysyp çykarypdyrlar. Oba hojalygynda ekerançylyk esasy orun tutupdyr. Kritde (“ortaýer deňiz üçlügi”) esasan, arpa, üzüm, zeýtun ekilipdir.
Kritde hünärmentçilik we söwda hem ösüpdir.
 
Line 152 ⟶ 153:
B.e.öň XV asyryň ahyrlarynda XIV asyryň başlarynda minoý siwilizasiýasy heläk bolansoň, ol 500 ýyllyk ösüşiň yzyndan boşap galan yzagalak welaýata öwrülýär. Indi medeni ösüşiň ojagy materik Gresiýadaky Mikeny bolupdyr.
 
== Mikeny siwilizasiýasy ==
2. Mikeny medeniýetini grek-aheýler döredipdirler. Olar b.e.öň III-II müňýyllyklaryň sepgidinde demirgazykdan, Dunaý çöketliklerinden günorta tarapa hereket edip, ýerli ilat pelasgalaryň (moniýlylara garyndaş halk) bir bölegini ýok edipdirler, beýleki bölegini özüne siňdiripdirler. Pelasgalaryň medeniýeti grekleriňkiden pes bolmadyk hem bolsa, grekler olara wagşylar diýipdirler.
 
Baryp b.e.öň III müňýyllygyň başlarynda Balkan Gresiýasynyň ilatynyň häzirki Balgariýanyň, Rumyniýanyň irki ekerançylyk ilaty we “tripoli medeniýeti” bilen ýakyn arabaglanyşygy bolupdyr.
Line 185 ⟶ 187:
Pilosda harby baştutana “lowaget” diýlipdir.
 
== Troýa uruşlary. Aheý döwletleriniň özara gatnaşyklary we onuň netijeleri ==
3. Aheý döwletleriniň arasynda dartgynly ýagdaý dowam edipdir. Grek miflerinde olaryň öz aralarynda alyp baran ganly çaknyşyklary barada gürrüň edilipdir. Her bir mikeny köşgüniň kuwwatly gala bilen gurşalmagy ýöne ýerden bolmandyr. Öz aralarynda hasylly Argos düzlügini Miken we Tirinf köşkleriniň diwarlary bularyň dyngysyz duşmançylykda bolandygynyň şaýadydyr.
 
Mifleriň birinde bolsa 7 patyşanyň Fiwa garşy ýöriş endikleri barada aýdylýar.