Gökdepe urşy: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Name of month
++Kategoriýa
Setir 14:
 
Gökdepe galasynyň synan gününiň “Hatyra güni” diýlip yglan edilmeginiň ýene-de bir uly manysy bar. Ol hem ýeňişden ýeňilişiň ýakyndygy görnüp durka ata-babalarymyzyň Watan üçin ölmeli diýip gelen kararlaryny biziň günlerimizde dogry diýip tassyklamakdyr. Gökdepe galasynda dökülen ganyň manysyz däldigini, şol uruşda wepat bolanlaryň hakyky Watan gahrymanlarydygyny jedelsiz hakykat edip goýmakdyr. Ondan öňem, soňam Watan üçin gara başyny goýanlary Gökdepe galasynda şehit bolanlar bilen bir hatarda hatyralamakdyr. Gökdepe türkmeniň Käbesidir. Watan üçin türkmeniň bir okuň däl, ýigrimi bäş okuň öňünde durmalam bolsa durup bilýändiginiň subutnamasydyr. Bu gahrymançylyk bizi parahatçylykly günlerde-de Watanyň gymmatynyň, hatda öz janymyzdanam ýigrimi bäş esse gymmatlydygyny ýatladyp durmalydyr. Watanyň abraýy üçin edýän her bir işimizde, okuwymyzda biziň yhlasymyzyň, görkezmeli gaýratymyzyň näçe derejede bolmalydygyny biz ata-babalarymyzyň ýigrimi bäş okuň öňünde durmaga döz gelip bilişlerini ölçeg edinip kesgitlemelidiris. Biz hem edil ata-babalarymyz ýaly hatyrasy tutulmaga mynasyp adamlar bolup ýaşamalydyrys. Biz parahatçylykly, asuda günlerde Watana şan-şöhrat getiren zähmet gahrymanlary bolmalydyrys.
[[Kategoriýa:Türkmenistanyň taryhy]]