Difference between revisions of "Änew metjidiniň ansambly"

uj
no edit summary
uj (cat.)
uj
Ansambly dört desga - metjit, onuň öňündäki gabyrüsti we beýik gümmezli zaly bolan iki sany jaý emele getiripdir. Bu çylşyrymly desga metjidiň, guburhananyň, medresäniň we hanakanyň wezipelerini ýerine ýetiripdir.
 
Änewdäki metjidi öwrenmegiň başlangyjyny 1886-njy ýylda W.A. Žukowskiý başlapdyr.1904-nji ýylda harabaçylygy R. Pompelliniň amerikan ekspedisiýasy gazypdyr. Sonky ýyly A.A. Semýonow metjidiň gysgaça beýanyny henhem-de ony öwrenmäge çakylygy çap etdiripdir. 1920-nji ýyllarda A.A. Karelin we W.R. Tripolskiý deformasiýanyň we weýranlanmagyň sebäplerini barladylar, inžener S.S. Sklaýarowskiý bolsa çyzgysyny ýerine ýetirdi. Ýadygärligi konserwasiýa etmek işlerini dürli wagtlarda W.R. Tripolskiý we N.M. Baçinskiý amala aşyrdy. 1947-nji ýylda M.Ý. Massonyň ýolbaşçylygy astynda Günorta Türkmenistan arheologik kompleksleýin ekspedisiýasy ansambly çuň we hemmetaraplaýyn öwrenmek işini geçirdi. Şonuň netijesinde-deençemede ençeme makalalar we G.A. Pugaçenkowanyň giňişleýin monografiýasy (1959 ý.) peýadapeýda boldy.
 
Metjidiň portalynyň ýokarsynda Horasanyň hökümdary soltan Abul Kasym Babyryň (1446-1457ý.) ady getirilipdir. Ondaky ýazgyda şeýle diýilýär:”Bu gurluşyk beýik soltan, öz halklarynyň eýeleri, ýurtlaryň we asyrlaryň penakäri Abul-Kasym-Bayr Bahadur han patyşalyk süren wagtynda boldy, hemmeden Beýigiň özi onuň häkimiýetini we onuň paryşalygynypatyşalygyny ebedileşdirsin”.
 
Beýleki ýazgylarda “Gözellik öýüni” Muhammet diýen biriniň öz kakasy Jemal-ed-dünýä-wa-d-diniň ýadygärligi üçin öz serişdeleri bilen 1455-1456-njy ýyllarda gurdurandygy hakyndaky maglumat getirilýär.
Oňat bişen kerpiçden bina edilen metjit keramik mozaika bilen we syrça bilen gysganylman bezelipdir. Beýik portalynda inli depesi çowly arasy bolan metjidiň gapysy howlynyň içine tarap açylýar eken. Gapynyň arkasynda ellistik gümmez bilen örtülen inedördül (taraplary 10,5 metr) zaly bolupdyr. Gümmez çekili arkalaryň we konstruktiw taýdan tamamlanmadyk stalaktit dekorasiýaly paruslaryň üstüde durýar eken. Peştagy demirgazyga bakdyrylypdyr we jaýyň jümmüşinde günorta diwaryň ýüzünde syrçalar bilen bezelen mährap bolupdyr. Onuň gapdallarynda günorta diwaryň ýüzünde insizje tagçalar edipdirler, olar diwaryň daş ýüzüne çykytly edilipdir. Metjidiň beýleki iki diwarynda hersinde ikiden inli çuň tagçalar edipdirler. Bu tagçalar hem hüjreli sokol etažynyň derejesinde metjidi üç tarapyndan gurşan eýwanyň içine çykytly edilipdir.
 
Iki gapdalynda oňa goşulyp guralan gurluşyklar metjidiň portalynyň öňündäki giň howlyny gabsapdyr. Olaryň gümmezli zallary (diametri 7 metr töweregi) iki etažyndagatdan hem kiçeňräk otaglar bilen gurşalypdyr.
 
Portalyň ýozaik bezeginiň çeperçilik özboluşlylygynyň uly gymmaty bolupdyr. Ol bezegde arkanyň, üstünde bir-birlerine tarap kellelerini uzadyp süýnüöip gelýän iki sany eýmenç görnüşli aždarhanyň şekili çekilipdir. Olaryň sarymtygarak göwresi ownuk ösümlik nagyşly garamtyl-mawy mozaik düşegiň üstünde towlanyp barýat, ol ownuk ösümlik nagyşlary fantastik janawarlaryň her biriniň açylan agzyndan başlanýar.
2

edits