Salyr: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut

Content deleted Content added
Sahypa döretdi, mazmuny: '==Umumy maglumatlar== Türkmenleriň içinde häzire çenli özbaşdak taýpalygyny saklap gelýän iňňän gadymy oguz-türkmen taýpasynyň biri salyrdyr. Mahmyt Ka...'
(Tapawut ýok)

23:45, 28 maý 2016 senesindäki wersiýa

Umumy maglumatlar

Türkmenleriň içinde häzire çenli özbaşdak taýpalygyny saklap gelýän iňňän gadymy oguz-türkmen taýpasynyň biri salyrdyr. Mahmyt Kaşgary ony 24 türkmen taýpasynyň içinde 5-nji orunda goýýar. Orta asyr alymlarynyň galanlary (Reşideddin, Ýazyjy-ogly, Salar Baba we Abulgazy) bu taýpany 17-nji orna geçirip, ony Oguz hanyň Daghan oglunyň birinji çagasyndan ýaýran il hasap edýär. Adyň manysy barada bu alymlaryň pikiri şeýle: Reşideddin: «Nirä barsa, gylyç we çalagy (naýzasy) iş görür»; Ýazyjy-ogly: «Sal, ur, ýagny kanda bolsaň, gylyç bilen çomagyň rowan bolsun»; Salar Bab: «Her kişi ýetse, gylyç we çalak urgaý»; Abulgazy: «Gylyçly». Bu alymlaryň ählisi salyrlaryň tagmasynyň gazaýakly (ýagny gazyň aýagyna meňzeş) bolandygyny görkezýärler. Hut şonuň üçin Salyrlara geçmişde gazaýaklylar hem diýlipdir. Şeýlelikde, ýokarda sanalan alymlaryň ählisi salyr diýen ady «Salyr» («Gylyç salar») sözleri bilen baglanyşdyrýarlar. Bu bolsa eýýäm orta asyrlarda salyr etnoniminiň hakyky manysynyň unudylandygyny, onuň şol döwrüň dilinde bar bolan sözler arkaly düşündirilmäge başlanandygyny görkezýär. Türki etnonimleri derňän Ý. Nemet ýaly meşhur alym hem salyr sözüniň şu manysyndan uzaklaşyp bilmändir we bu ady «çozuşa taýyn batyr esger» diýip düşündiripdir. Biziň pikirimizçe, salar, salyr etnonimleri salak, salyk diýen atlar bilen bir kökden, ýagny sal diýen gun taýpasynyň adyndan we jemi, köplügi bildirýän -ar / -yr diýen gadymy türki goşulmadan emele gelipdir (bu barada Salak makalasyna serediň). Indi salyr, salar we salargazan etnonimleriniň degişli taýpalaryny anyklalyň. Salyr一özbaşdak taýpadyr, ol tire hökmünde saýatly we hydyrili taýpalarynyň düzümine hem giripdir. Bularyň bir bölegi 1263-nji ýylda Kryma göçüp gelipdir, hatda şu ýerdäki Salgir derýasynyň ady hem şu salyrlar bilen baglanyşyklydyr. Gökleňlerde salar diýen tire bar. Hytaýyň Sýunhua welaýatynda (Pekiniň ýakynynda) ýaşaýan türkmenlere-de salarlar diýilýär. Olar 1370-nji ýylda Samarkant welaýatynyň häzirki Nurata we Goşrabat raýonlaryndan bu ýere göçüp gelip, öz milli däplerini, dilini şu wagta çenli saklapdyrlar. Stawrapol ülkesinde ýaşaýan igdirleriň düzüminde hem salargazan tiresi bolup, ol salyrlardan şu taýpa geçipdir. Sözümiziň ahyrynda salyr diýen etnonimiň il içinde salar görnüşinde-de ulanylýandygyny, ärsary, saryk, teke, ýomut ýaly ençeme türkmen taýpalarynyň hem salyrlar (daşky salyrlar) bilen etnik taýdan baglanyşyklydygyny ýatladýarys.

Çeşme

Soltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmenleriň nesil daragty). Aşgabat «Turan一1». 1994. sah 183-184.